Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Likud” parlamentde koalisiýa döredýär


Penşenbe güni Ysraýylyň “Likud” partiýasy premýer-ministr Benýamin Netenýahuwyň täze koalision hökümet döretmek üçin belli bir ylalaşyga gelendigini mälim etdi.

“Likud” partiýasynyň metbugat sekretary Noga Katz “Likud” hem-de “Ýisrael Beýtun” partiýalaryndan ybarat häzirki koalisiýanyň parlamentden orun alan “Ýeş Atid” we “Jewish Home” partiýalary bilen uly gerimde koalisiýa döretmek barada ylalaşyga gelendigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu koalisiýanyň düzümine Ysraýylyň ozalky daşary işler ministri Zipi Liwniniň ýolbaşçylygyndaky kiçi bir parlament frasiýasy hem girer.

Şu ýylyň ýanwarynda geçirilen parlament saýlawlarynda premýer-ministr Benýamin Netenýahuwyň syýasy blogy 120 orunlyk parlamentden bary-ýogy 31 orun alypdy. Bu bolsa oňa öz täze hökümetini düzmek üçin ýeterlik däldi.

Ýöne indi parlamentdäki beýleki partiýalar bilen gelnen ylalaşygyň netijesinde onuň täze koalisiýasy orunlaryň 68-sini ybarat eder diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG