Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukrainanyň intellektual eýeçiligini goraýşyna üns berýär


Wikipediýanyň iňlis dilindäki saýty, 18-nji ýanwar, 2012.
Wikipediýanyň iňlis dilindäki saýty, 18-nji ýanwar, 2012.

ABŇWaşington söwda ugrundan Ukraina berýän ýylda 50 million dollarlyk ýeňilliklerini dowam etdirip-etdirmezlik meselesini çozmeli bolar. Bu meselä indiki aýda serediler. Bu karar amerikan söwda assosiasiýasynyň Kiýewiň intellektual eýeçiligini goramak meselesine gaty az üns berýändigini aýdyp, bu ýurda Ukraina berilýän ýeňillikleri ýatyrmak ga eden çagyryşy bilen bagly.

2012-nji ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda ukrain häkimiýetleri filmleri, teleprogrammalary we hususy eýeçilikdäki beýleki önümleri bikanun, ýagny mugt ulanmaga mümkinçilik berýän meşhur saýtlaryň birini ýapdy.

Häkimiýetiň bu ädimi Ukrainada intellektual eýeçiligiň bozulmagy bilen bagly köneden gelýän problemalary çözmek ugrunda gazanylan uly üstünlik hökmünde görkezildi.

Emma 2012-nji ýylyň fewral aýynda bu saýtyň ýene-de işläp başlamagy bikanun işler bilen meşgullanýan guramaçylykly toparlaryň ýokary derejeli ýurt resmieri tarapyndan goldanýandygy baradaky pikilreri güýçlendirdi.

Pudaga gözegçilik

Hennadiý Moskal Ukrainanyň parlamentiniň ”Batkiwşina” atly oppozision fraksiýasynyň agzasy. Şeyle-de ol içeri işler ministriniň öňki wekili hem Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň öňki orunbasary. Moskalyň sözlerine görä, polisiýa, salgyt edarasy, alyjylaryň hukuklaryny goraýjy edara we salgyt polisiýasy intellektual eýeçilik meselesine gözegçilik etmäge ygtyýarly we ýagdaýa täsir ýetirip bilýär.

Kiýewiň intellektual eýeçilik meselesinde özüni alyp barşy ABŞ-da ýerleşýän Intellektual eýeçilik boýunça halkara bileleşiginiň ünsüni çekdi. Bu edara amerikan önüm öndürijileriniň awtorlyk hukugyny goraýan ýedi sany söwda assosiasiýasyny öz içine alýar.

Geçen aýda bu assosiasiýa amerikan hökümetine ýüzlenip, Ukrainany hukuk meselesinde uly problemaly ýurt diýip atlandyrmaga we Ukraina berilýän söwda ýeňillikleri programmasyny ýatyrmaga çagyrdy.

Şeýle çäreleriň girizilmegi Kiýewiň ýylda 50 million dollarlyk ýitgi çekjegini aňladar.

Intellektual eýeçilik boýunça halkara bileleşiginiň aklawçysy Erik Şwarts Ukrainany tankyt etdi. Onuň bellemegine görä, Ukrainada intellektual eýeçiligiň ogurlygynyň ýokary derejede bolmagy ukrain hökümetiniň söwda ýeňilliklerinden peýdalanmak üçin zerur şertleri ýerine ýetirmeýändigini görkezýär.

Emma Erik Şwartsyň bellemegine görä, Ukrainany söwda ýeňilliklerinden mahrum etmek baradaky çagyryşlar bu ýurtda intellektual eýeçiligiň goragynyň dünýäde iň erbet ýagdaýdadygyny aňlatmaýar.

Çäreleriň maksady

Ukraina babatynda teklip edilýän çäreler amerikan hökümetiniň Kiýewiň ýeterlik çäre görmeýändigine aladalanma bildirýändigini aňlatmaly.

Intellektual eýeçilik boýunça halkara bileleşigi hususy eýeçiligiň bozulmagy bilen bagly Osýetdäki we Hytaýdaky ýagdaýlaryň hem uly adalanma döredýändigini aýdýar, emma bu ýurtlaryň hökümetleriniň Kiýewe garanda bu ugurda has köp çäre görýändigini belleýär.

Erik Şwartsyň bellemegine görä, 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda ABŞ we Ukraina intellektual eýeçiligi goramak plany boýunça ylalaşypdy, emma Kiýew bu ugurda öňe tarap zerur ädimi ätmedi.

Kompýuterler üçin programmalary döredýän amerikan kompaniýasy “Microsoft” Ukrainanyň döwlet edaralarynda ulanylýan programmalarynyň 70%-i bikanun diýip aýdýar.

Ukrainanyň hökümeti döwlet edaralarynda bikanun programmalaryň ulanylýandygyny boýun alýar, emma onuň möçberiniň 40%-den aşmaýandygyny tekrarlaýar.
XS
SM
MD
LG