Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we ermeni prezidenti gürleşdi


Penşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan bilen telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirdi.

Berdimuhamedow bu gürrüňdeşlikde Serž Sarkisýany ýakynda Ermenistanda geçirilen saýlawlarda täze möhlete prezident saýlanmagy bilen gutlady.

Soňra iki ýurduň prezidentleri Türkmenistan bilen Ermenistanyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň perspektiwalary barada özara pikir alyşdylar.

Bu gürrüňdeşligiň barşynda prezident Berdimuhamedow Ermenistanyň territoriýasynda türkmen halkynyň taryhyna degişli medeni-taryhy ýadygärlikleriň gorap saklanmagy ugrunda edilýän aladalar üçin Ermenistanyň prezidentine öz minnetdarlygyny-da bildirdi.

Mundan daşary, ol Serž Sarkisýany özüne amatly wagtda Türkmenistana sapar etmeklige-de çagyrdy. Bu çakylygyň kabul edilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG