Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: “Siriýa kasseta bombasyny ulanýar”


Şenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy Siriýanyň režiminiň oppozision söweşijiler bilen söweşlerde halkara şertnamalaryna garşy gelýän kasseta bombalaryny ulanmagyny kem-kem ýaýbaňlandyrýandygyny öňe sürdi.

“Human Rights Watch” guramasy özüniň bu baradaky hasabatynda Siriýanyň içinde geçirilen barlaglaryň netijesine hem-de ýerli ýaşjaýlar tarapyndan alnan wideo ýazgylara esaslanýar.

Gurama öz hasabatynda soňky alty aýyň dowamynda Siriýanyň režiminiň ýurduň 100-den gowrak nokadynda azyndan 156 sany kasseta bombasyny ulanandygyny aýdýar.

Harby uçarlardan taşlanýan kasseta bombalary howada birgiden uşajyk partlaýyjy enjamlara bölünip, ýere gaçýar. Bu partlaýyjy enjamlaryň giň territoriýa ýaýraýandygy hem-de olaryň dessine ýarylmaýandygy sebäpli olar parahat ilat üçin howply enjam hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG