Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Bäş ýyl saklanan ilkinji hökümet


Pakistanyň premýer-ministri Raja Perwez Aşraf (sagda) Owganystanyň delegasiýasy bilen gepleşik geçirýär. Yslamabat, noýabr, 2012.
Pakistanyň premýer-ministri Raja Perwez Aşraf (sagda) Owganystanyň delegasiýasy bilen gepleşik geçirýär. Yslamabat, noýabr, 2012.
16-njy mart Pakistanyň taryhynda ilkinji gezek raýat hökümetiniň öz ornundan gitmän, öz bäş ýyllyk kanuny möhletini tamamlamasy hökmünde alamatlandy.

1947-nji ýylda öz garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri Pakistan üç gezek häkimiýetiň harby taýdan agdarylyşygyny başdan geçirdi. Ýarym asyrdan gowrak taryhy döwrüň ýarsyna golaýy harbylaryň dolandyryşy astynda geçdi.

Beýleki ýyllarda hem kanuny ýol bilen saýlanan hökümetlerden hiç biri şu çaka çenli bäş ýyllyk möhletiniň ahyryna çenli saklanmandy. Muna ýurtdaky dürli hili syýasy we harby krizisler sebäp bolupdy.

Saýlawlara garaşylýar

Pakistanyň häzirki premýer-ministri Raja Perwez Aşraf öz hökümetiniň köp problemalaryň hötdesinden gelip bilmändigini boýun aldy.

Emma, muňa garamazdan, ol häzirki hökümetiň ilkinji gezek bäş ýyllyk kanuny möhletiniň ahyryna çenli saklanmagyny demokratiýanyň ýeňşi hökmünde häsiýetlendirdi.

Bäş ýyl mundan ozal demokratik saýlaw ýoly bilen saýlanan häzirki hökümet indi öz ornundan gitmeli we onuň ornuna täze hökümet gelmeli.

Ýöne maý aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan parlament saýlawlaryna çenli häkimiýet dolandyryşyny wagtlaýyn bellenjek hökümet ýerine ýetirer diýlip garaşylýar.

Ýüzbe-ýüz bolnan kynçylyklar

Geçen bäş ýylyň dowamynda Pakistanyň häzirki hökümeti dini ekstremistleriň yzygider hüjümleri, separatistik hereketler, tebigy heläkçilikler, energiýa resurslarynyň ýetmezçiligi ýaly birgiden problemalar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Köpsanly içerki problemalardan daşary, häzirki hökümetiň iş alyp baran döwri Pakistan bilen Birleşen Ştatlaryň gatnaşyklarynyň görnetin derejede ýaramazlaşan döwri hökmünde-de alamatlandy.

Hususan-da, iki ýurduň gatnaşyklaryndaky dartgynlylyk 2011-nji ýylda Pakistanyň territoriýasynda amerikan güýçleriniň “Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Ladeni ýok etmek boýunça geçiren operasiýasyndan soň has-da dartgynlaşdy.

Pakistanyň häzirki hökümeti soňky bäş ýylyň dowamynda giň ýaýran korrupsiýa, ykdysady pese gaçyşlyk we howpsuzlyk boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmeýänlikde-de köp tankytlandy.

Premýer-ministr Raja Perwez Aşraf ýekşenbe güni eden çykyşynda bu problemalaryň köpüsini ýurduň ozalky prezidenti general Perwez Muşarrafyň harby režiminiň miras goýan problemalary hökmünde häsiýetlendirdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, jenap Aşraf şu geçen bäş ýylyň dowamynda Pakistanyň daşarky syýasatynda üstünlikli ädimleriň bolandygyny, şol sanda goňşy Hindistan, şeýle hem Owganystan, Hytaý, Eýran we Orsýet bilen gatnaşyklaryň-da görnetin gowulaşandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG