Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Müsüriň prezidenti Pakistanda


Müsüriň lideri soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda ilkinji gezek Pakistana sapar edýär.

Prezident Mohammad Mursiniň bir günlik saparynyň dowamynda, ol özüniň pakistanly kärdeşi Asif Ali Zardari bilen gepleşikleri geçirer.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Aizaz Ahmad Çaudhriniň berýän maglumatyna görä, saparyň dowamynda ikitaraplaýyn ençeme ylalaşyga hem gol goýular.

Ministrligiň resmisiniň sözlerine laýyklykda, Gamal Abdel Nasser Pakistana soňky gezek sapar eden Müsüriň lideri bolup, ol döwlet saparyny 1960-njy ýylda amala aşyrypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG