Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kipr: Bank goýumlaryna salgyt maslahatlaşylýar


Kipr, adamlar bankomatlardan pul çykaryp alýarlar. Nikosia, 17-nji mart, 2013 ý.
Kipr, adamlar bankomatlardan pul çykaryp alýarlar. Nikosia, 17-nji mart, 2013 ý.
Kipr parlamenti duşenbe güni bank goýumçylary öz tygşytlan serişdeleriniň bir bölegini Ortaýer ada ýurduny çökmekden halas etmek üçin beriljek halkara kömegini maliýeleşdirmek üçin bermelimi ýa däl diýen meseläni sese goýmagy planlaşdyryp, soň bu ses berişligi yza süýşürdi.

Ýewro zonasynyň krizise düşen ýyllarynda goýumçylaryň tygşytlan pullary resmiler tarapyndan eldegrilmesiz bir zat hasaplanýardy.

Emma kiprli ýolbaşçylar we halkara karzçylar şenbe güni bir ylalaşygy yglan etdiler, ol ylalaşyga görä, eger goýumçylar öz goýumlarynyň 10 prosentini goşant etseler, oňa derek banklary gaýtadan maýalaşdyrmak üçin 10 milliard ýewro beriljek.

Iň "yzasyz" ýol

Diňe ýeke gezeklik salgyt hökmünde häsiýetlendirilen bu çäre kiprlileri gahar-gazaba çykardy we olaryň käbiri muny kanunlaşdyrylan talaňçylyk diýip atlandyrdy.

Prezident Nikos Anastasiades ýekşenbe güni bu ylalaşygy Kipriň çökmeginiň we ýewro zonasyndan çykarylmagynyň öňüni almak üçin iň "yzasyz" ýol hökmünde goramaga çalyşdy.

Prezident Nikos Anastasiades
Prezident Nikos Anastasiades
"Elbetde, bu çözgüt biziň islän zadymyz däl, emma ol häzirki emele gelen ýagdaýda iň yzasyz çykalga, sebäbi ol hemme zatdan ozal bu ýurduň dolandyrylyşyny biziň öz ellerimizde goýýar."

Parlament tarapyndan öňe sürülýän plan esasynda 100 müň ýewrodan aňyrda serişdesi bolan hasaplara 9.9 prosent salgyt salnar, mundan azrak serişdeli goýumlar bolsa, 6.75 prosent tölemeli bolar.

Hasaplamalara görä, bu salgyt esasynda 5.8 milliard ýewronyň toplanmagy mümkin.

Salgyt hemmelere täsir eder

Salgyt kiprli ýerli ýaşaýjylar bilen bir hatarda kiprli dällere hem degişli bolar. Bu çäräniň kipr banklarynda pul goýan baý orsýetliler bilen ýewropalylara hem mazaly täsir ýetirmegine garaşylýar.

Anastasiades ýekşenbe güni eden çykyşynda bu salgydyň az möçberdäki goýumlara bolan täsirni azaltmak ugrunda tagalla etmegi wada berdi. Ol salgyt tölemäge mejbur edilen goýumçylaryň banklarda paýdar bolmak arkaly kompensasiýa aljagyny, bu paýdarlygyň geljekde tebigy gazdan gelmeli girdejiler bilen kepillendriljegini aýtdy.

Prezident häzirki ýagdaýy 1974-nji ýylyň krizisine deňedi, şonda Türkiýe grekleriň goldamagyndaky döwlet agdarylyşygyna jogap edip, Kipre goşun sürüpdi. Bu krizis adany grek we türk kontrollugyndaky böleklere bölüpdi.

"Kipr adatdan daşary bir ýagdaýda dur. Gynansak-da, ol 1974-nji ýyldan bäri özüniň iň agyr döwrüni başdan geçirýär. Biz adminstrasiýanyň jogapkärçiligini bankrot bolmagynyň öňüsyrasynda aldyk" diýip, prezident aýtdy.

Kiprde ýaşaýan britaniýalylar bu ýeriň hökümetini öz pullaryny ogurlamakda aýypladylar.

“Sişenbe güni men banka gidip, ol ýerdäki bar pulumy çykaryp aljak, hiç zat goýjak däl. Bilýäňizmi, men indi olara ynanamok. Bu ogurlyk. Olar meniň pulumy ogurlaýarlar” diýip, Kearns atly birtaniýaly aýtdy.

Ýekşenbe güni paýtagt Nikosiýanyň bankomatlaryndan pul çykaryp alýan ýaşaýjylar özleriniň alada galandyklaryny aýtdylar.

"Ýagdaý hakykatdanam agyr"

Bir adam şeýle diýdi:

"Menem il ýaly, düşen ýagdaýymyza hem janym ýanyýar, hem gaharym gelýär. Biziň ertir nä güne düşjegimiz belli däl. Ýagdaý hakykatdanam agyr."

Başga bir adam bolsa bu ýagdaýy adalatsylyk diýip atlandyrdy:

"Bu adalatsyz. Meniň hökümet guramasyndan gyzymyň okuwy üçin alan 12 müň ýewrolyk bank karzym bar. Men ol puly bankda goýdum we indi onuň bir bölegini ýitirip, soňam prosenti bilen yzyna tölemeli bolaryn."

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni Kiprdäki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin geçiren ýörite maslahatynda bu çäräni “adalatsyz, professional däl we howply” diýip atlandyrdy.

Mudynyň kredit derejesi boýunça gullugynyň berýän maglumatyna görä, ors banklarynyň we kompaniýalarynyň geçen ýylyň aýagynda kipr banklarynda 30 milliard gowrak dollary bar eken.
XS
SM
MD
LG