Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Talyban’ Muşarrafa haýbat atýar


Perwez Muşarraf
Perwez Muşarraf
Pakistanda “Talyban” söweşejileri ýurda dolanmakçy bolýan, ozalky prezident Perwez Muşarrafa hüjüm etmek bilen haýbat atýarlar.

“Talyban” söweşijisi Adnan Raşid şenbe güni wideo beýanat ýaýradyp, onda “Muşarrafy jähenneme ýollamak üçin ýörite mujaheddinler toparynyň düzülendigini” aýtdy. Adnan Raşid Muşarrafa garşy şowsuz geçen ozalky hüjüme-de gatnaşypdy.

Raşidiň sözlerine görä, hüjümi amal etmek üçin, olarda “janyndan geçen hüjümçiler, mergenler, ýörite söweş topary dagy bar”.

ABŞ-a garşy amala aşyrylan 11-nji sentýabr hüjümlerinden soň, Muşarraf Waşingtonyň terrorizme garşy başlan göreşine goşulyp, Pakistanda söweşijilere garşy giň gerimli operasiýalary geçiripdi.

Muşarraf dört ýyla golaý bosgunlykdan soňra ýekşenbe güni Pakistana dolanmakçy bolýar. Onuň 11-nji maýda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşjakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG