Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde meşhur diňleriň yşyklary bir sagatlap öçüriler


“Ýer sagady” hereketiniň emblemasy.
“Ýer sagady” hereketiniň emblemasy.
Şenbe güni gije dünýäniň dürli ýurtlarynyň esasy şäherlerinde käbir meşhur diňleriň we binalaryň elektrik yşyklaryny bir sagatlyk öçürmek boýunça ýörite çäreler geçirilýär.

“Ýer sagady” diýlip atlandyrylýan bu çäre, Ýer planetasynda elektrik energiýasyny we tebigy resurslary tygşytlamaga bolan zerurlyga ünsi çekmekligi maksat edinýär.

Ýyllyk geçirilýän bu kampaniýanyň çäklerinde Orsýetde ilkinji gezek Kremliň yşyklary hem öçüriler.

Kremliň dolandyryş edarasynyň metbugat wekili Wiktor Kherkowyň “Itar-Tass” habar agentligine beren maglumatyna görä, Kremliň diwaryndaky elektrik çyralary hem öçürmek planlaşdyrylýar.

Şeýle-de “ýer sagady” mynasybetli Londonyň Bukingem köşgünde we Parlament binasynda, şeýle-de Parižyň Ýeliseý meýdançasynda, Eýfel küresinde, Notre Dame katedralynda dagy çyralar öçüriler.

Nýu-Ýorkdaky “Empire State Building” binasy, Hytaýyň “Beýik Diwary”, Sidneýiň Opera öýi hem belli bir wagt içinde tümlükde bolar.

Guramaçylar dünýä boýunça, ýerli wagt bilen sagat 20:30-da, ýüzlerçe million adamyň-da öz elektrik yşyklaryny 60 minut öçürjekdigine garaşýarlar.

Belli-belli jemgyýetçilik we medeni binalarda agşam bir sagatlap elektrik yşygyny öçürmek çäresi ilkinji gezek 2007-nji ýylda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde başlanyp, oňa “Ýer sagady” diýlip at berlipdi.

Geçen ýyl bu çärä 150-den gowrak döwlet we 2 milliarda golaý adam gatnaşypdy.
XS
SM
MD
LG