Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ türgenleşiklere uçarlaryny ýollady


ABŞ Günorta Koreýanyň geçirýän harby türgenleşiklerine özüniň F-22 harby uçarlaryny ýollady. Häzir regionda Günorta Koreýa bilen ABŞ-nyň bilelikdäki harby türgenleşikleri geçirilýär.

Bu Koreýa ýarymadasyndaky ýagdaýlaryň dartgynlaşmagyna gabat geldi.

30-njy martda Phenýang iki koreý döwletiniň arasynda “uruş ýagdaýynyň” dowam edýändigini, şeýle-de harbylaryň Günorta Koreýanyň bazalaryny nyşana alýandygyny yglan etdi.

Mundan öň Waşington harby türgenleşikleriň çäginde sebite B-2 harby uçarlaryny hem ýollapdy. Demirgazyk Koreýa bu ädimi prowokasiýa diýip atlandyrdy.

Demirgazyk Koreýa fewral aýynda üçünji ýadro synagyny amala aşyrandan soňra, ýarymadadaky ýagdaýlar dartgynlaşypdy. Şeýle-de munuň netijesinde BMG we Birleşen Ştatlar Phenýanga garşy sanksiýalary girizipdi.
XS
SM
MD
LG