Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington sanksiýa sanawyny çap etmekçi


Anna güni Waşington ynsan hukuklaryny bozmakda aýyplanýan orsýetli resmileriň atlaryny öz içine alýan ýörite sanawy çap eder diýlip garaşylýar.

Wiza gadagançylygy we maliýe sanksiýalary giriziljek orsýetli bu resmileriň sanawy ýakynda ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan kabul edilen we “Magnitskiý akty” diýlip atlandyrylan düzgüniň esasynda tassyklanypdy.

Öz hormatyna şeýle kanuny düzgün kabul edilen orsýetli ýurist Sergeý Magnitskiý 2009-njy ýylda Orsýetiň tussaghanasynda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy netijesinde aradan çykypdy.

Birleşen Ştatlaryň sanksiýa ulanjak adamlarynyň hatarynda diňe bir Magnitskiniň ölümine dahylly hasaplanýanlar hem däl-de, eýsem käbir beýleki kanun bozmalarda aýyplanýan orsýetli resmiler-de bar.
XS
SM
MD
LG