Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda guş dümewi alada döredýär


Hytaýyň häkimiýetleri soňky günler bu ýurtda guş dümewiniň howply görnüşiniň ilat arasynda kem-kem ýaýraýandygyny aýdyp, muňa alada bidirýärler.

Hytaýyň resmileri ýekşenbe güni ýurduň Henan prowinsiýasynda ýene nobatdaky iki adamyň bu howply wirusa ýolugandyklarynyň anyklanandygyny mälim etdiler.

Soňky iki hepdäniň dowamynda Hytaýda jemi 55 adam guş dümewiniň wirusy bilen keselledi we olardan 11-si bu wirusyň pidasy boldy.

H7N9 diýlip atlandyrylýan bu wirus mundan öň Hytaýyň gündogar regionlarynda anyklanypdy. Emma şenbe güni onuň paýtagt Pekinde-de bir adamda anyklanandygy habar berildi.

Orsýetiň häkimiýetleri şenbe güni ýurduň gündogar regionyndaky Wladiwostok şäheriniň aeroportunda Hytaýdan gelýän ýolagçylary medisina barlaglaryndan geçirmek çäreleriniň ýola goýlandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG