Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boston: Biri öldürildi, ikinjisi gözlenýär


Boston partlamalarynda güman edilýän iki dogan.
Boston partlamalarynda güman edilýän iki dogan.
Polisiýa Boston marafonynda bolan partlamalarda güman edilýän iki adamyň biriniň polisiýa bilen atyşykdan soň ölendigini aýdýar.

Güman edilýänleriň ikinjisi Bostonyň golaýynda, Wotertown şäherçesinde bolan ýaragly söweşden gaçyp gutuldy.

Massaçusetsiň ştat polisiýasynyň polkownigi Tim Alben žurnalistlere anna güni irden güman edilýäniň daş keşbiniň suratlardaky we wideoýazgydaky iki adama çalymdaşdygyny gürrüň berdi. Bu iki adam duşenbe güni Boston marafonynda bolan ganly partlamalar bilen baglylykda sorag etmek üçin gözenilýärdi.

"Biziň edil häzir gözleýänimiz duşenbe güni Boston marafonynda bolan partlamalar bilen ilteşiklilikde güman edilýän ikinji adama çalymdaş ak papakly şahs."

Güman edilýän Johar Sarnaýew
Güman edilýän Johar Sarnaýew
Birleşen Ştatlaryň metbugat habarlaryna görä, güman edilýänler demirgazyk kawkazly iki dogan. Assoşeýted Presiň kanun goraýjylardan ele salan maglumatyna görä, gaçyp gutulan 19 ýaşly Johar Sarnaýew bolmaly. Nýu-Ýork Taýms gazeti kanun goraýjy resmä salgalanyp, polisiýa bilen atyşykda öleniň Tamerlan Sarnaýewdigini ýazýar.

Bu wakalar penşenbe güni agşam, Massaçusetsiň Tehnologiýa inistitutynyň kampusynda bolan atyşykda bir polisiýa ofiseri ölüm ýarasyny alandan soň gaty çaltlykda ýaýbaňlandy.

Alben wakalaryň ýaýbaňlanyşy barada metbugata şeýle maglumat berdi:

"Kampusda polisiýa ofiseri tüpeňlendi we bedenine düşen ýaralar sebäpli wepat boldy. Şonuň ýaly-da Kembrižde Mercedes SUV awtoulagy alnyp gaçyldy. Iň soňunda ol maşyn şu ýerden, Wotertowndan çykdy we Wotertown polisiýasy tarapyndan yzarlandy. Polisiýa şu ýerden uzak bolmadyk ýaşaýyş etrabyna bardy we şol ýerde Wotertown polisiýasynyň ofiserleri bilen SUV-iň (amatsyz ýollara niýetlenen Mersedesiň) içindäki iki güman edilýäniň arasynda atyşyk bolýar."

Alben güman edilýänleriň biriniň polisiýa bilen çaknyşyk mahalynda agyr ýaralanandygyny aýtdy.

"Kowalaşyk mahalynda ol maşyndan polisiýa ofiserleriniň ulagyna birnäçe partlaýjy zyňyldy. Bilşimize görä, atyşyk wagty güman edilýänleriň biri ýaralandy we ahyrynda tussag edildi. Güman edilýänleriň ikinjisi maşyndan gaçyp gutulmagy başardy we ol ýerde häzir berk gözleg-agtaryş işleri barýar."

Tussag edilen ýaraly biraz soň hassahanada ýogaldy. Hassahananyň doktory onuň bedeninde bir topar ok ýarasynyň, şeýle-de mümkin bolan partlama ýarasynyň bolandygyny aýtdy.

"Bu bir terrorist"

Boston polisiýasynyň komissary Ed Deýwis hem anna güni irden žurnalistlere özleriniň gözleýän adamy barada gürrüň berdi:

"Biz bu bir terrorist diýip bilýäris. Biz bu adam bu ýere adam öldürmek üçin gelipdir diýip ynanýarys. Biziň ony tussaghana salmagymyz gerek."

Polisiýanyň we beýleki kanun goraýjy gulluklaryň agzalary bu töwerekde öýme-öý aýlanyp, ikinji güman edilýäniň gizlenip biljek ýerlerinde gözleg-agtaryş işlerini geçirýärler.

Bu töweregiň ilatyna jaýlaryny içinden gulplap oturmak we gapylaryny polisiýadan başga hiç kime açmazlyk barada duýduryş berildi.
XS
SM
MD
LG