Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Muşarraf tusag edildi


Perwez Muşarraf
Perwez Muşarraf

Pakistanda ýurduň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf polisiýanyň Yslamabatdaky baş edarasyna eltildi. Ol polisiýanyň myhmanlar üçin niýetlenen ýörite otagynda iki gün, ýagny sud diňlenişigi başlanýança saklanar.

Pakistanda ýurduň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf polisiýanyň Yslamabatdaky baş edarasyna eltildi.

Muşarrafyň metbugat wekili Mohammed Amjadyň berýän maglumatyna görä, ozalky general polisiýanyň myhmanlar üçin niýetlenen ýörite otagynda iki gün, ýagny sud diňlenişigi başlanýança saklanar.

Muşarrafyň aklawçylary öz müşderisiniň tussag edilmegine garşy Ýokary suda şikaýat etjekdiklerini habar berdiler.

Mundan öň, penşenbe güni, Yslamabadyň Ýokary sudunyň sudýasy 69 ýaşly Muşarrafy tussag etmegi buýurypdy. Emma Muşarrafyň howpsuzlyk topary ony tussag edilmezinden öň maşynyna mündürip ýetişdi.

Muşarraf 2007-nji ýylda, prezident mahaly ýurtda adatdan daşary ýagdaýy girizip, konstitusiýany togtadyp, ýokary derejeli sudýalary, şol sanda Ýokary suduň baş sudýasynyň işden aýrylmagyna ilteşiklilikde aýyplanýar.

Penşenbe güni, Muşarraf suduň zalyny terk edip gidenden soňra, Yslamabadyň Ýokary sudy oňa terrorizm aýyplamalaryny hem ýöňkedi.

Beýanat

Muşarraf özüniň Facebook hasabynda «Ýokary suduň esaslandyrylmadyk kararyna laýyklykda” tussag edilendigini, şeýle-de aýyplamalaryň “syýasylaşdyrylandygyny” aýdyp, ýazgy galdyrdy.

Muşarraf bosgunlykda dört ýyl çemesi wagt geçirenden soňra, mart aýynda Pakistana dolanyp geldi. Ol 11-nji maýda geçiriljek umumy saýlawlara gatnaşmakçy bolupdy. Emma onuň kandidaturasy ýatyryldy.

Penşenbe güni Muşarraf wideoýazgy arkaly beýanat ýaýradyp, onda özüniň syýasatdan çetleşdiriljek bolunýandygyny nygtady. Muşarraf: “Näme üçin men Pakistanyň syýasy durmuşyna goýberilemok? Bu meniň Pakistanyň howpsuzlygyny kämilleşdirendigim üçin edilýärmi? Ýa-da bu meniň Pakistanyň halkyna bol-elinligi we haklaryny berendigim üçin edilýändir?” diýdi.

1999-njy ýylda harby agdarylyşyk arkaly häkimiýet başyna gelen Muşarraf dokuz ýylyň dowamynda gazanan üstünliklerini hem sanap geçdi. Ol: “Men köp ýollary we howdanlary gurmaga hemaýat berdim. Men aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürdim, ýurduň goranmak ukyplylygyny ýokarlandyrdym. Men senagat we oba-hojalyk rewolýusiýasyny etdim. Men ýurduň dünýäniň iň uly 11 ykdysadyýetiniň hataryna goşulmagyna hemaýat berdim” diýip tekrarlady.

Muşarrafa, yzyna dolanyp gelmezinden öň, ozal, ýagny 2007-nji ýylda öldürilen öňki premýer-ministr Benazir Bhutto hem-de 2006-njy ýylda öldürilen buluç pitneçi lideri bilen bagly sud işleri boýunça oňa aýyplama bildirilmejekdigi kepillendirilipdi.
XS
SM
MD
LG