Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewroparlament Gazagystany tankyt etdi


Ýewropa Parlamenti Gazagystany raýatlaryň syýasy, media we dini azatlyklaryna hormat goýmazlykda tankytlap, rezolýusiýa kabul etdi.

Penşenbe güni Ýewropa Parlamentiniň websaýtynda ýerleşdirilen beýanatda Gazagystanyň sudunyň käbir oppozision partiýalaryň, şol sanda “Alga” partiýasynyň-da işini gadagan etmeginiň alada döredýändigi bellenipdir.

Ýewropa Parlamentiniň kabul eden rezolýusiýasynda oppozision “Alga” partiýasynyň lideri Wladimir Kozlowyň tussaglykdan azat edilmegine-de çagyryş edilýär. Ol geçen ýyl sosial bulagaýçylyga meçew bermekde aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ýewroparlamentiň rezolýusiýasynda soňky wagtlar Gazagystanda oppozision liderlere, žurnalistlere we ýuristlere garşy geçirilen sud prosesleriniň-de “halkara standartlaryna laýyk gelmeýändigi” aýdylyp, bu ýagdaýlar barada hem alada bildirilipdir.
XS
SM
MD
LG