Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý Brýusselde gepleşik geçirýär


Sişenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý birnäçe möhüm gepleşikler üçin Brýussele sapara bardy. Sişenbe güni ony NATO-nyň Brýusseldäki baş ştabynda bu bileleşigiň baş sekretary Anders Rogh Rasmussen kabul etdi.

Bu duşuşykda jenap Rasmussen 2014-nji ýylda halkara güýçleri Owganystany terk edenlerinden soň hem NATO-nyň Owganystana ýardam bermegini dowam etdirjekdigini nygtady.

Hamid Karzaý çarşenbe güni Brýusselde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri we Pakistanyň ýokary derejeli resmileri bilen-de gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Bu gepleşiklerde, esasan, Owganystanyň parahatçylyk prosesindäki bökdençlikler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG