Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýada täze hökümet düzüldi


Italiýada iki aýa çeken syýasy çekişmelerden soň, ýekşenbe güni ýurduň täze düzülen hökümetiniň agzalary öz wezipelerine kasam etdiler. Italiýanyň premýer-ministri wezipesine täze saýlanan 46 ýaşly Enriko Lettanyň hökümeti geljek hepde parlamentiň ynam sesinden-de geçmeli bolar.

Rimdäki prezidentlik köşgünde geçirilen kasam edişlik dabarasynyň geçýän pursady bu köşkden uzak bolmadyk ýerde ýekşenbe güni atyşyk sesleri-de eşidildi.

Italiýanyň mediasy bu atyşyklarda iki sany polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny habar berdi. Emma bu wakanyň täze hökümetiň kasam edişlik çäresi bilen baglanyşyklymy ýa däldigi barada häzirlikçe anyk bir zat aýdylmaýar.

Enriko Lettanyň täze hökümeti esasan aram çepçi we aram sagçy partiýalaryň, şol sanda Silwio Berluskoniniň aram sagçy partiýasynyň-da wekillerini öz içine alýan koalision hökümet bolup durýar. Berluskoniniň özüne bu täze hökümetden ministrlik wezipesi berilmedi.
XS
SM
MD
LG