Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boksçy Meýezer 44-nji ýeňşi gazandy


Şenbe güni agşam Las-Wegasda professional boks boýunça ýeňil aram agramlyk kategoriýasynda geçirilen bäsleşikde Floýd Meýezer “ýeňilmezek boksçy” hökmünde öz rekord görkezijisini has-da gowulandyrdy.

Bu ýaryşda 36 ýaşly amerikan boksçysy Floýd Meýezer öz watandaşy Robert Gerrero bilen duşuşdy. 12 raundyň dowamynda çekeleşikli geçen bäsleşikden soň üç sudýanyň üçüsi-de 117-111 hasap bilen ýeňşi Floýd Meýezere bermekligi karar etdiler.

Şeýlelikde, bu ýeňiş Floýd Meýezeriň hiç bir ýeňlişe duçar bolman, 44 gezek ýeňiş gazanyp, dünýäde rekord netijäni görkezmesi hökmünde alamatlandy.

Bu ýeňşi arkaly Floýd Meýezer 32 million dollar pul baýragyny gazandy. Ýakynda “Forbes” žurnaly Floýd Meýezeri sportsmenleriň arasynda iň baýy diýip yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG