Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: “Soňky jaň” dabaralary geçdi


Şenbe güni Türkmenistanyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” dabaralary geçirildi. Bu dabara her ýyl mekdep okuwçylary üçin tomus kanikulynyň başlanmagyny, gutardyş klas okuwçylary üçin bolsa orta mekdebiň tamamlanmagyny aňladýar.

Ýöne bu “Soňky jaň” dabarasyndan soň hem mekdeplerde 18-nji iýuna çenli gutardyş ekzamenleri geçiriler.

Häzirki tamamlanýan okuw ýylynyň bu gezekki aýratynlygy onuň iň soňky 10 ýyllyk orta bilim ýyly boljakdygydyr. Çünki geljekki okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň orta mekdepleri 12 ýyllyk orta bilim sistemasyna geçýär.

Her ýyl Türkmenistanyň orta mekdeplerini ortaça 110 müňden gowrak uçurym tamamlaýar.

Emma synçylar Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän abiturientleriň tutuş sanynyň henizem 5 müňden sähel gowrakdygyna salgylanmak bilen, ýurduň içinde ýaşlaryň öz bilimlerini dowam etdirmek mümkinçilikleriniň örän çäklidigini belleýärler.
XS
SM
MD
LG