Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Saýlawlar üçin hasaba alyşyklar başlandy


Owganystanda parahatçylygyň hatyrasyna şar uçurmak çäresine gatnaşyjylar Kabulyň köçesinde elleri şarly ýöriş geçirýärler. Kabul, 25-nji maý, 2013.
Owganystanda parahatçylygyň hatyrasyna şar uçurmak çäresine gatnaşyjylar Kabulyň köçesinde elleri şarly ýöriş geçirýärler. Kabul, 25-nji maý, 2013.
Ýekşenbe güni Owganystanda geljek ýylky prezidentlik we welaýat geňeş saýlawlary üçin täze ses berijileri hasaba almak işleri başlandy. Bu saýlawlar 2014-nji ýylyň 5-nji apreline planlaşdyrylýar.

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň başlygy Fazel Ahmad Manawi ýekşenbe güni habarçylara beren interwýusynda hasaba alyjylaryň diňe howpsuzlygy üpjün edilen ilatly ýerlere gidip, işlejekdiklerini aýtdy.

“Biz öz toparlarymyz üçin polisiýanyň howpsuzlygy üpjün eden ýerlerine gideris. Hasaba alyş toparlary howpsuzlyk güýçleriniň talabalaýyk howpsuzlygy üpjün etmedik ýerlerine gitmezler. Öz işgärlerimizi we tehniki ýardam toparlaryny ugratmak we zerur işleri ýola goýmak biziň borjumyz. Emma biz diňe polisiýa güýçleriniň yzyna eýereris we diňe olaryň bizi äkiden ýerine gideris ” diýip, Fazel Ahmad Manawi mälim etdi.

Ýekşenbe güni ses berijileri hasaba almak işi ähli 34 welaýat boýunça 41 sany hasaba alyş merkezinde ýola goýuldy. Bu merkezlerde ýaşy 18-e ýeten we ozalky ses berişliklerde hasaba alynmadyk ses berijiler hasaba alynýar.

20 million ses beriji bolar

Birnäçe aýa çekjek bu hasaba alyş prosesiniň barşynda saýlawçylaryň sanawyna ýene 4 million töweregi ses berijiniň ady goşular diýlip garaşylýar. Edil häzirki wagt Owganystanda resmi hasaba alnan ses berijileriň sany 16 million töweregi diýlip hasaplanylýar.

Geljek ýyl geçiriljek prezidentlik we welaýat geňeş saýlawlary Owganystanda NATO-nyň 100 müň töweregi goşunynyň bu ýurdy terk etjek ýylyna-da gabat gelýär.

Geljekki prezidentlik saýlawlaryna ýurduň häzirki prezidenti Hamid Karzaý gatnaşmaz, çünki kanun boýunça ol iki möhletden artyk prezident saýlanyp bilinmeýär. Edil şu günki güne çenli Owganystanda prezidentlige dalaş etmekçidigini yglan eden adam ýok.

Ýöne käbir synçylar geljekki saýlawlarda prezidentlige dalaş etmegi mümkin adamlaryň hatarynda prezident Karzaýyň inisi Kaýum Karzaýy, ABŞ-nyň Kabuldaky ozalky ilçisi Zalmaý Halilzady we Balh welaýatynyň häzirki häkimi Muhammed Atta Nur ýaly käbir şahsyýetleri görkezýärler.
XS
SM
MD
LG