Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žanaözen: 6 aktiwist türmeden boşady


Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy 2011-nji ýylda Žanaözende hökümete garşy guralan protestler bilen bagly tussag edilen 6 aktiwistiň we nebitçiniň türmeden boşadylandygyny habar berýär.

Bu alty adam, şol sanda bir zenan aktiwist, başda dört we ýedi ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi.

Emma Ýokary sud 28-nji maýda olaryň tussaglyk möhletini iki ýyl şertli tussaglyga çenli azaltdy.

Olar 2011-nji ýylyň dekabrynda Gazagystanyň günbataryndaky Žanaözen şäherinde hökümete garşy protestleri gurnamakda günäli tapylypdy.

Şonda polisiýa demonstrasiýalary basyp ýatyranda azyndan 16 adam öldürilipdi.

Žanaözen wakalary bilen bagly türmä basylan oppozisiýa aktiwistleriniň we nebitçileriň, şol sanda polisiýa işgärleriniň birnäçesi heniz hem türmede otyr.
XS
SM
MD
LG