Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban Eýran bilen gatnaşyklaryny tassyklady


Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Janan Musazai
Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Janan Musazai
Owganystanyň hökümeti goňşy Eýrana ýüz tutup, ”Talyban” hereketiniň eýran tarapy bilen geçiren gepleşikleri barada maglumat berilmegini sorandygyny aýtdy. Munuň öňüsyrasynda ”Talyban” eýran resmileri bilen gepleşik geçirendigini tassykldy.

Ýekşenbe güni Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Janan Musazai Kabulyň Tähran bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, ”Talybanyň” resmi toparynyň ýakynda Tährana eden sapary barada has köpräk maglumat almaga çalyşýandygyny tassyklady. Musazai, eýran tarapyndan resmi maglumat berilýänça, şol gepleşikler barada anyk bir zat aýtmagyň ýerliksizdigini belledi.

Talyban – Tähran duşuşyklary

Şeýle-de, Musazai Tähranyň owgan hökümetiniň gozgalaňçylar bilen arada parahatçylyk prosesini ýola goýmak ugrundaky tagallalarynyň öňüne böwet bolýandygyny aýtdy.

Duşenbe güni ”Talyban” hereketiniň metbugat wekili Kari Ýusef Ahmadi dynç günleri ”Talybanyň” wekilleriniň eýran resmileri bilen duşuşandygyny habar berdi.

Şeýle-de, Ahmadiniň sözlerine görä, ”Talybanyň” käbir baştutanlary Tähranda
geçirilen dini konferensiýa hem gatnaşypdyrlar.

Gatnaşyklaryň sebäpleri

Kabulda ýaşaýan analitik Wahid Moždah ”Talybanyň” Owganystan bilen goňşy ýurtlara 2010-njy ýyldan bäri ýüz tutup gelýändigini belledi. Synçynyň sözlerine görä, ”Talybanyň” bu tagallalary hereketiň harby ýolbaşçysy molla Abdul Ghani Baradaryň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýar. Bu tagallalar Bardaryň 2010-njy ýylda Pakistanda tussag edilen döwründe hem dowam etdirilipdi diýip, Moždah belledi.

Analitik geçen iki ýylyň dowamynda ”Talybanyň” käbir liderleriniň Tähranda geçirilen konferensiýalara gatnaşyp gelýändigini, emma hereketiň Eýran bilen gatnaşyk saklaýandygyny resmi taýdan ilkinji gezek boýun alandygyny belledi.

Wahid Moždahyň pikirine görä, Tähran ”Talyban” bilen gatnaşyk saklamak arkaly Sirýanyň prezidenti Başar al Assada berýän ýardamy sebäpli özüne edilýän regional basyşlaryň badyny gowşatmak isleýär. Eýran amerika garşy göreşýän sünnüleri goldaýandygyny yslam dünýäsine görkezmek isleýär.

Parahatçylyk prosesi

”Talyban” bilen parahatçylyk prosesini ýola goýmak boýunça edilen öňki tagallalar şowsuzlyga uçrady. ”Talyban” hereketi Owagystanda bolýan esasy hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alýar.

Soňky söweşler owgan goşuny üçin uly synag boldy. Indiki ýylda günbatar goşunlary Owganystany terk edensoň, owgan goşuny ýurduň howpzulygyny özbaşdak üpjün etmeli bolar.
XS
SM
MD
LG