Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň we Hytaýyň prezidentleri duşuşdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Hytaýyň “parahatçylykly ösüşini” goldaýandygyny aýtdy. Obama bu barada Hytaýyň prezidenti Şi Jinpingiň Kaliforniýa edýän iki günlük saparynyň çäginde çykyş etdi.

Gepleşikleriň dowamynda, Obama iki ýurduň internet howpsuzlygy ugrunda hyzmatdaşlyk etjekdigine umyt edýändigini aýtdy.

Obama käbir bar bolan dartgynlylyklara garamazdan, iki ýurduň özara hyzmatdaşlyk ugrunda işleşmek isleýändigini aýtdy.

Hytaýyň prezidenti has çuňňur hyzmatdaşlyga umyt bildirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG