Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür Siriýa bilen gatnaşyklaryny kesýär


Müsüriň prezidenti Muhammed Mürsi şenbe günki çykyşynda öz ýurdunyň Siriýanyň oppozisiýasynyň tarapynda durýandygyny ýaňzytdy.
Müsüriň prezidenti Muhammed Mürsi şenbe günki çykyşynda öz ýurdunyň Siriýanyň oppozisiýasynyň tarapynda durýandygyny ýaňzytdy.
Şenbe güni Müsüriň prezidenti Muhammed Mürsi öz ýurdunyň Siriýanyň hökümeti bilen ähli gatnaşyklaryny kesýändigini yglan etdi.

Şeýle hem, ol Siriýadaky oppozision söweşijilere ýardam bermek maksady bilen, halkara güýçlerini Siriýanyň territoriýasynda uçuşlaryň gadagan zonasyny döretmeklige çagyrdy.

Hizbulla toparyna-da ýüzlendi

Paýtagt Kairde sünni ruhanylarynyň öňünde eden bu çykyşynda prezident Muhammed Mürsi Siriýanyň hökümet güýçleriniň tarapynda söweş alyp barýan Liwanyň Hizbulla toparynyň söweşijilerini Siriýany terk etmeklige-de çagyrdy.

“Hizbulla Siriýany terk etmelidir. Men muny örän çynlakaýlyk bilen aýdýaryn. Siriýada Hizbulla üçin orun ýokdur” diýip, prezident Muhammed Mürsi nygtady.

Siriýada Hizbulla üçin orun ýokdur
Muhammed Mürsi
Müsüriň sünni musulmanlarynyň hereketi bolan “Musulman doganlygy” partiýasy tarapyndan goldanylýan Muhammed Mürsi öz çykyşynda Müsüriň Siriýanyň oppozisiýasynyň tarapynda durýandygyny ýaňzytdy.

Ol Siriýanyň Müsürdäki ilçihanasynyň ýapylýandygyny we Müsüriň Siriýadaky diplomatlarynyň-da yzyna çagyrylýandygyny yglan etdi.

Siriýanyň hökümeti ýekşenbe güni Müsüriň prezidentiniň bu kararyny ýazgaryp, ony Siriýa garşy “dildüwşüge” goşulmakda aýyplady.

ABŞ-nyň basyşy-da artýar

Müsüriň prezidentiniň bu beýanatyndan iki gün öň Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň hökümetiniň oppozision söweşijilere garşy himiki ýarag ulanandygyny öňe sürmek bilen, Siriýadaky söweşijileri ýarag bilen üpjün edip başlamakçydygyny yglan edipdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, Waşington Siriýanyň territoriýasynda uçuşlaryň gadagan zonasyny döretmekligin kyn we gymmat boljakdygyny aýdyp, beýle mümkinçiligiň kän bir göz öňünde tutulmaýandygyny belledi.

Müsür soňky wagtlar gumanitar ýardamlar, şol sanda enjamlar we harby türgenleşikler görnüşinde Birleşen Ştatlardan millionlarça dollarlyk ýardam alyp gelýär.

Emma, beýleki tarapdan, Müsüriň güýçleriniň Siriýanyň territoriýasyna girmek ähtimallyklary barada heniz anyk gürrüň edilmeýär.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, şenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň serhetlerine golaý ýerde Iordan bilen bilelikde harby türgenleşik geçirmekçidigini we türgenleşiklerden soň özüniň “Patriot” kysymly raketalarynyň hem-de “F-16” kysymly söweş uçarlarynyň bir toparyny Iordanyň territoriýasynda galdyrmakçydygyny mälim etdi.

Siriýanyň ýarany Orsýet bu harby tehnikalaryň Siriýada uçuşlaryň gadagan zonasyny döretmek üçin ulanylmagynyň mümkindigini aýdyp, muňa alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG