Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýa: Partlamada çaga öldi


Bosniýada oýun oýnaýarkalar ýer minasynyň partlamagy netijesind,e bir çaga öldi we dördüsi ýaralandy.

Partlama ýekşenbe güni Hadziçide ýüze çykyp, häzirki wagtda ol polisiýa tarapyndan derňelýär. Hadziçi Saraýewanyň şäherýakasynda ýerleşýär.

Keselhana resmileriniň aýtmagyna görä, partlamada çagalaryň garyn boşlugyna, gözlerine we ellerine zeper ýetipdir.

1992-1995-nji ýyllarda Bosniýada bolan uruşdan soň ýurtda ençeme ýer minalary gömülip galdy.

Bosniýadaky uruş tamamlanaly bäri, şol ýer minalarynyň partlamagy netijesinde 600 töweregi adam heläk boldy.

Ösüp barýan Bosniýa döwleti, ýurdy 2019-njy ýyla çenli ähli ýer minalaryndan arassalamak üçin ýylda 50 million amerikan dollaryna zerurlyk bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG