Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohaniden oppozisiýa barada soraldy


Eýranyň täze saýlanan prezidenti Hassan Rohani metbugat konferensiýasynda, Tähran, 17-nji iýun, 2013.
Eýranyň täze saýlanan prezidenti Hassan Rohani metbugat konferensiýasynda, Tähran, 17-nji iýun, 2013.

Eýranyň täze saýlanan prezidenti Hassan Rohaniniň bu wezipedäki ilkinji metbugt konferensiýasynda “Etemad” gündelik neşiriniň žurnalisti ondan oppozisiýa agzalary Mir Hosseýn Musawini we Mehdi Karrubini boşatmak wadasy barada gytaklaýyn sorady. Rohani oppozisiýa wekillerini boşatmak barada saýlaw kampaniýasynyň gidişinde söz beripdi.

Iki ýyldan gowrak wagt bäri öý tussaglygynda saklanýan Musawini we Karrubini boşatmak ýaňy saýlanan prezident Hassan Rohaniden garaşylýan esasy hereketleriň biridir.

Rohani öz saýlaw kampaniýasynda bu iki syýasatçynyň boşadylmagyna ýardam bermek barada ençeme gezek wada beripdi.

Syýasy tussaglar

Musawi we Karrubi 2009-njy ýylyň gapma-garşylykly prezidentlik saýlawlarynda Mahmud Ahmadinejadyň gaýtadan saýlanmagyna garşy çykyş edipdi we saýlawlardan soň adam hukuklarynyň depelenmegini ýazgarypdy.

Musawi öz aýaly Zahra Rahnaward we reformaçy ruhany Karrubi bilen bilelikde 2011-nji ýylyň fewral aýynda Tunisde we Müsürde bolan gozglaňlary goldamak üçin demonstrasiýa geçirmeklige çagyryşlaryndan soň öý tussaglygyna höküm edilpdi.

Rohaniniň ilkinji metbugat konferensiýasynda “Etemad” neşiri onuň syýasy tussaglary boşatmak barada beren wadasyna degişli soragy orta atdy.

Oňaýsyz sowal

Özüni Mohammad Hossein Mehrzad diýip tanadan žurnalist Rohaniden ýurduň polisiýa mahsus atmosferasy barada sorag berdi.

“Siz öz saýlaw kampaniýaňyzyň gidişinde esasy maksatlaryňyzyň biriniň ýurduň howpsuzlyk [gulluklarynyň zoruna] esaslanýan atmosferasyny ýok edip, ony syýasy bir atmosfera öwürmekdigini köp gezek aýtdyňyz. Käbir syýasatçylar babatynda girizilen çäklendirmeleriň soňuna çykmak üçin sizde nähili programma bar?” diýip Mehrzad sorady.

Rohaniniň jogaby

Rohani muňa jogap berip, “adamlar ýagdaýy özgertdiler” diýdi we sözüniň üstüni ýetirip, hökümetde dostlukly atmosferany, medeni atmosferany döretmek barada ylalaşyga gelnendigini aýtdy.

Şeýle-de Rohani käbir meseleleriň wagt talap edýändigini aýtdy. Ol birnäçe meseleleriň prezidente we ýerine ýetiriji häkimiýete bagly bolman, häkimiýetiň ähli gatlaklarynyň bile işleşmegini talap edýändigini belledi, emma köp meseleleriň çözülmegi üçin ýoluň açyljakdygyna ynam bildirdi.

Emma žurnalist Hossein Mehrzad öz soragyna jogap almak üçin tutanýerli çykyş etdi we Rohaniden edilýän talaplary ýerine ýetirmek ugrunda hereket etmäge wada bermegi talap etdi.

Rohani özünden eilen talaplardan degişme bilen gutulmaga çalyşdy.

Rohaniniň öz wadalaryny ýerine ýetirmäge näderejede ukyply boljagy belli däl. Musawiniň, Zahra Rahnawardyň we Karrubiniň öý tussaglygy astyna alynmagy baradaky karar ýurduň baş lideri aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan çykarylypdy.

Şol bir wagtda-da oppozisionerleriň boşadylmagy ýurduň oppozision hereketi we Rohanini saýlan ses berijileriň köpüsi üçin öňyn özgerişlik bolup bilerdi.
XS
SM
MD
LG