Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt-Peterburgyň taryhy ýerleri barada aladalar artýar


Sankt-Peterburg şäheriniň etegindäki taryhy ýerlerden birinde alnyp baylýan gurluşyk işleri. Sankt-Peterburg, noýabr, 2011.
Sankt-Peterburg şäheriniň etegindäki taryhy ýerlerden birinde alnyp baylýan gurluşyk işleri. Sankt-Peterburg, noýabr, 2011.
Taryhy ýadygärlikleri goraýjy aktiwistler ýakynda Orsýet tarapyndan ÝUNESKO edarasyna hödürlenen dokumentde Sankt-Peterburg şäheriniň eteginde häzirki wagt goralýan taryhy ýerleriň çäginiň örän çäklendirilen nusgasynyň teklip edilendigini aýdýarlar.

Aktiwistleriň aýtmagyna görä, Orsýetiň häkimiýetleriniň islegi ýola alsa, şu günki güne çenli köp gymmatly taryhy arhitektura ýadygärlikleriniň weýran bolmagyna getiren haý-haýly gurluşyklaryň ýakyn wagtlarda Sankt-Peterburgyň etegindäki goralýan zona hem etmegi mümkin.

Aladanyň sebäpleri

Moskwa barada aýdylanda, Moskwadaky gurluşyklar onuň töwerek-daşlaryndaky kiçi-girim şäherjikleri özüne ýuwdan bolsa-da, şäheriň etegindäki patyşa döwrüne degişli kaşaň jaýly mülklere aýratyn bir zeper ýetirmedi.

Emma Sankt-Peterburg babatda ýagdaý birneme başgaçarak. Ýakynda Orsýetiň häkimiýetleri bu şäheriň töwereklerindäki Bütindünýä taryhy miraslary görnüşinde goralýan obýektleriň territoriýasyny çäklendirmegi göz öňünde tutýan dokumentleri ÝUNESKO edarasyna tabşyrdy.

Häkimiýetleriň hödürleýän taslamasynda şäheriň eteklerindäki uly taryhy ýerleri we parklary ÝUNESKO-nyň goragyndan aýyrmaklyk göz öňünde tutulýar.

Sankt-Peterburg şäherindäki taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak boýunça Rus jemgyýetiniň başlygy Aleksandr Margolis: “Mundan diňe şäheriň etegindäki Petergof, Puşkin, Pawlowsk, Oranienbaum ýaly taryhy ýerlerde gurluşyk etmek isleýän gurluşyk kompaniýalarynyň eýeleri we çinownikler bähbit gazanarlar. Bu adamlar üçin ol ýerdäki obýektleriň Bütindünýä taryhy miraslary hökmünde goralmagy uly päsgelçilik bolup durýar, şoňa görä-de olar bu statusyň ýatyrylmagyny isleýärler” diýip, ýagdaýy düşündirýär.

Şübheler dowam edýär

Sankt-Peterburgly deputat Alekseý Kowalew bu taryhy ýadygärliklere abanýan howp barada goh turuzan ilkinjilerden biri boldy. Ol ÝUNESKO-nyň internet saýtynda bu taryhy ýadygärlikleriň özgerdilen sanawyny gören badyna, ýerli häkimiýetleriň we taryy ýadygärlikleri goraýjy resmileriň ýygnagyny çagyrdy.

Maslahatda Sankt-Peterburgyň taryhy ýadygärlikleri we medeni miraslary goramak boýunça döwlet komitetiniň bir resmisi ÝUNESKO-nyň bu baradaky dokumente üstümizdäki ýylda garamajakdygyny aýdyp, ýagdaýy köşeşdirmäge synanyşdy. Emma bu ýagdaýy asla köşeşdirmedi.

Deputat Alekseý Kowalew ÝUNESKO hödürlenen häzirki teklipleriň Sankt-Peterburgyň eteklerindäki gymmat taryhy mülklere eýe bolmak ugrunda alnyp barylýan kampaniýanyň bir bölegidigini aýdýar.

Emma, beýleki tarapdan, Sankt-Peterburgdaky we onuň eteklerindäki taryhy mülkleri Bütindünýä taryhy miraslaryň sanawyna goşmak boýunça bu mülkleriň araçäklerini kesgitlemek bilen meşgullanýan ÝUNESKO-nyň iş toparynyň agzasy Alessandro Balzamo bu ýüze çykan dawalary “düşünişmezlik” hökmünde häsiýetlendirdi.

Emma taryhy ýadygärlikleri goraýjy aktiwistler bu planlar bilen baglanyşykly jikme-jik maglumatlary häkimiýetleriň jemgyýetçilikden gizleýändiklerini aýdyp, bu meselä şübheli garamaklaryny dowam etdirýärler.
XS
SM
MD
LG