Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Täze kanunlara garaldy


Şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisi nobatdaky maslahatynda birnäçe möhüm kanunlaryň taslamalaryna garady. Garalan taslamalaryň hatarynda “Türkmenistanyň raýatlygy baradaky” kanunyň taslamasy-da boldy.

Bu kanunyň taslamasynda Türkmenistanyň raýatlygynyň esasy prinsipleriniň hem-de ony sazlaşdyryjy düzgünleriň şöhlelendirilendigi, şeýle-de raýatlyga eýe bolmaklygyň we raýatlykdan çykmaklygyň düzgünleriniň kesgitlenendigi aýdylýar.

Mundan daşary, şenbe güni geçirilen maslahatda Mejlis “Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky” kanunynyň taslamasyna-da garady.

Bu täze kanunda tutuş Türkmenistanyň territoriýasynda ýa-da onuň belli bir ýerlerinde adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmekligiň şertleri hem-de döwlet we beýleki organlaryň, olaryň ýolbaşçylarynyň şeýle ýagdaýlardaky hukuk normalary kesgitlenilýär.

Şeýle-de, bu täze kanunda adatdan daşary ýagdaýlarda raýatlaryň we guramalaryň hukuklarynydyr azatlyklaryny çäklendiriji düzgünleriň girizilmegine-de ýol berilýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG