Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda slowakiýalylar tutuldy


Eýranda Slowakiýanyň ençeme raýaty tussag edildi. Bu habary Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde tassyklady. Berlen maglumata görä, Slowakiýanyň Eýrandaky diplomatlary tussag edilen raýatlar bilen dowamly aragatnaşygy saklaýarlar.

Slowakiýanyň SME internet neşiriniň ýaýradan habarynda, Eýranda tussag edilen bäş ýa-da alty raýatyň içalyçylykda aýyplanýan bolmagynyň mümkindigi nygtalýar.

Mundan öň, şu ýylyň ýanwar aýynda Slowakiýanyň başga-da bir raýaty tussag edilip, ol ABŞ-nyň bähbidine içalyçylyk etmekde aýyplanypdy. 26 ýaşly Matej Waluç aýyplamalary inkär etdi. Wagtyň geçmegi bilen ol tussaglykdan azat edildi we öýüne dolandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG