Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen sportçysy altyn medal aldy


TDH, Türkmenistanyň resmi habar gullugy ýapyk binalarda geçirilýän IV Aziýa oýunlarynda türkmen sportçysynyň söweş sungaty boýunça altyn medala mynasyp bolandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň Milli sport institutynyň 4-nji kursunyň studenti Gurban Beghanow Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilýän ýaryşda üstünlikli çykyş edip, kikboksiň boýunça, 57 kg agramly kategoriýada birinji orny eýeläpdir.

Türkmen komandasynyň beýleki wekilleriniň hem üstünlikli çykyş edendigi aýdylýar.

Mysal üçin, Nasiba Surkiýewa göreş boýunça geçirilen ýaryşlarda 63 kg agramly kategoriýada çykyş edip, ikinji orny we kümüş medaly alypdyr.

Kikboksiň boýunça 63.5 kg kategoriýasynda çykyş eden Şöhrat Hallyýew bolsa, üçünji orna we bürünç meadala mynasyp bolupdyr

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG