Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan: Polisiýa ofiserleri öldürildi


Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanyň resmileri dört polisiýa ofiseriniň öldürilmegi barada derňewlere başladylar.

Orsýetiň derňew komitetiniň aýtmagyna görä, polisiýa ofiserleri ýekşenbe güni näbelli hüjümçiler tarapyndan öldürilipdir.

Polisiýa ofiserleri Dagystanyň paýtagty Mahaçkala şäherinden 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Bursi obasynda derňewleri geçirip öýüne gaýdyp barýarka, olaryň ulaglaryna azyndan iki ýaragly adam hüjüm edipdir. Maglumatlara görä, polisiýa ofiserleri şol ýerde aradan çykypdyrlar.

Dagystan Çeçenistan bilen Kaspi deňziniň aralygynda ýerleşýän, aglabasy musulmanlardan ybarat bolan etniki taýdan garyşyk bir respublikadyr.

Söweşijiler her gün diýen ýaly polisiýa, aram musulmanlara we ýerli resmilere hüjüm edip, özleriniň Orsýetiň günortasynda Yslam döwletini döretmek üçin söweşýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG