Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda 14 sürüji öldürildi


Yrakda ýaragly adamlar 14 sany ýük maşyn sürüjisini atyp öldürdi. Maglumatlara görä, ýaragly adamlar sürüjileri Bagdatdan demirgazyga tarap gidýän uly ýoluň ugrunda guralan ýol böwedinde saklap, olaryň şahsyýetini kesgitleýän dokumentlerini barlandan soň öldüripdirler.

Yragyň resmileri, ýaragly adamlaryň sürüjileri öldürenden soň, olaryň ýük maşynlaryny hem ogurlandyklaryny habar berýär.

Bu waka çarşenbe güni giçlik Süleýman Pek şäherinde howpsuzlyk güýçleri bilen söweşijileriň arasyndaky çaknyşyklaryň möwjemeginiň yzýany bolup geçdi. Süleýman Pek şäheri Bagdadyň 160 kilometr demirgazygynda ýerleşýär.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri, çaknyşyklaryň penşenbe güni daňdana çenli dowam edendigini we şol atyşyklarda söweşijileriň minomýotlary we awtomatiki ýaraglary ulanandygyny aýtdylar.

Maglumatlara görä, çaknyşyklarda parahat ilatyň arasyndan azyndan bir adam öldürilipdir. Mundan öň ýaragly adamlar çarşenbe güni ir bilen Tikrit şäheriniň günbataryndaky bir awtobusa duzak gurup, dört esgeri atyp öldüripdiler.

Şeýle-de, çarşenbe güni söweşijileriň polisiýa nokadyna eden hüjüminde dokuz polisiýa işgäri öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG