Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Aşton Morsi bilen duşuşdy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça wekili Ketrin Aşton Müsüriň häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezidenti Muhammad Morsi bilen iki sagatlyk duşuşyk geçirdi.

Duşenbe güni gije Müsüriň goşunynyň dikuçary Aştony Morsiniň saklanýan gizlin ýerine alyp bardy.

Ketrin Aştonyň metbugat wekili Maýa Koçiýaniç sişenbe güni twitter arkaly çap eden maglumatynda Aştonyň Morsi bilen “düýpli diskussiýa” geçirendigini mälim etdi.

Häzirki wagtda Morsi “Hamas” topary bilen 2011-nji ýylda dildüwşük gurnamak bilen bagly aýyplamalar esasynda derňew astynda galýar.

Duşenbe güni Aşton Morsini häkimiýet başyndan çetleşdiren Müsüriň goşun generaly Abdel Fattah al-Sisi bilen hem duşuşyk geçirdi. Aşton Morsiniň “Musulman doganlar” hereketiniň ýurduň geçiş prosesine goşulmagyna çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG