Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zimbabwada saýlawlar başlady


Zimbabwada prezidentlik saýlawlary başlandy. Çarşenbe güni geçirilýän saýlawlarda ýurduň häzirki lideri Robert Mugabe we premýer-ministr Morgan Tswangirai dalaş edýär. Dalaşgärler ýurduň iň ýokary wezipesi ugrunda, eýýäm, üçünji gezek saýlawlara gatnaşýarlar.

89 ýaşly Mugabe ýeňlişe sezewar bolsa, wezipesinden çekiljekdigini aýtdy.

Mugabe 1980-nji ýylda Zimbabwanyň Britaniýadan garaşsyzlygyny alanyndan bäri, ýurda baştutanlyk edip gelýär.

Saýlaw uçastoklary Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-a çenli açyk bolar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG