Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Adam ýitgileri köpelýär


BMG soňky alty aýyň içinde Owganystanda alnyp barylýan urşuň we söweşijileriň hüjümleri netijesinde, parahat ilatyň arasyndan heläk bolan adamlaryň sanynyň çärýek esse artandygyny aýdýar.

BMG-niň çarşenbe güni ýaýradan maglumatynda, iýuna çenli parahat ilatyň arasyndan 1 müň 319 adamyň ölümi hasaba alnandygy bellenilýär. Şeýle-de hasabat döwründe 2 müň 500-e golaý adamyň ýaralanandygy aýdylýar. Bu görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdirilende 23% ýokarydyr.

Parahat ýaşaýjylar aglaba söweşijileriň amala aşyrýan bomba hüjümleri netijesinde öldürilýändigi nygtalýar. Hasabatda hökümet güýçleriniň söweşijiler bilen çaknyşyklarynda hem asuda raýatlaryň heläk bolýandygy bellenilýär.

Geçen aý Owganystanyň harbylary NATO güýçlerinden içerki howpsuzlygyň gözegçiligini öz üstüne alypdy. 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Halkara güýçleriniň aglaba bölegi Owganystany terk eder.
XS
SM
MD
LG