Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Aklawçy Ablýazowyň tutulandygyny aýdýar


Gazak prezidenti N.Nazarbaýew (S) we telekeçi M.Ablýazow
Gazak prezidenti N.Nazarbaýew (S) we telekeçi M.Ablýazow
Gaçgaklykdaky gazak bankiri Muhtar Ablýazowyň aklawçysy öz müşderisiniň Fransiýanyň günortasynda tussag edilendigini aýdýar.

Aklawçy çarşenbe güni Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna Fransiýanyň “agyr ýaraglanan” ýörite güýçleriniň Ablýazowy Mouans-Sartoux şäherindäki öýünde tussag edip, alyp gidendiklerini aýtdy. Bu şäher Kannes şäheriniň sekiz km çemesi uzaklygynda ýerleşýär.

Aklawçynyň gürrüň bermegine görä, Ablýazowyň tussag edilen jaýynda onuň uýasy hem bar eken.

Aklawçy bankiriň ekstradisiýa edilmeginiň soralýandygyny, emma bu talabyň Orsýet, Ukraina ýa göni Gazagystan tarapyndan edilýändiginiň anyk däldigini aýtdy.

Gaçgaklygyň sebäbi

Baý, ozalky bankir we täsirli oppozisiýa şahsyýeti bolan Ablýazow Gazagystandan 2009-njy ýylda, ýolbaşçylyk edýän BTA banky millileşdirilip, tölege ukypsyz diýlip yglan edileninden soň gaçdy. Ablýazow 2011-nji ýylda Britaniýadan syýasy gaçybatalga aldy, emma suda sylagsyzlyk edeni üçin 22 aý tussaglyga höküm edileninden soň, 2012-nji ýylda ýurtdan gaçdy.

Ol Gazagystanda döwlet emlägini öz haýryna geçirmekde aýyplanýar, ýöne Ablýazow bu aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdýar. Ol Gazagystanyň uzak wagtlyk prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň iň berk tankytçylarynyň biri hasaplanýar.

Gazagystandaky oppozision we garaşsyz habar serişdeleriniň birnäçesi, şol sanda "Respublika" neşiri, K-Goşmak telewizion kanaly Ablýazow bilen baglanyşdyrylýar. Bu habar serişdeleri esasan Merkezi Aziýa meselelerine üns berýär.

Ýewropdakay yzarlamalar

Soňky aýlarda Ablýazowyň maşgala agzalarynyň we kömekçileriniň birnäçesi Astananyň talaby boýunça Ýewropa Bileleşiginde tussag edildi.

Ablýazowyň aýaly we 6 ýaşly gyzy maý aýynda Italiýadan Gazagystana ekstradisiýa edildi. Olar kanuny esasdaky oturym ygtyýarnamalarynyň bardygyna garaman ýurtdan çykaryldy.

Munuň nädogry deportasiýa bolandygy baradaky pikirler bilen baglylykda Italiýanyň uly derejeli raýat gullugy resmisi işden çekildi.

Ablýazowyň ozalky janpenasy we ýakyn kömekçisi Aleksandr Pawlow golaýda Madridde tussag edildi.

Pawlowyň aklawçylar topary ispan sudunyň öňki janpenany Gazagystana ekstradisiýa etmek kararynyň ýerine düşmändigini, sebäbi onuň terrorçylyk aýyplamalary üçin agtarylýandygyny aýtdy.

Ol bu aýyplamalaryň syýasy sebäplidigini, olaryň özünden Ablýazow barada maglumat almak isleýändigini aýdýar.
Italiýanyň içeri işler ministri Angelino Alfano M.Ablýazowyň aýaly we gyzy deportasiýa edilmezinden ön hiç bir hökümet ministriniň habarly edilmändigini gaýtalaýar, Rim parlamenti, 16-njy iýul, 2013.
Italiýanyň içeri işler ministri Angelino Alfano M.Ablýazowyň aýaly we gyzy deportasiýa edilmezinden ön hiç bir hökümet ministriniň habarly edilmändigini gaýtalaýar, Rim parlamenti, 16-njy iýul, 2013.

Ablýazowyň başga bir ýoldaşy, gazak oppozisiýa aktiwisti Myratbek Ketebaýew iýun aýynda Polşada gysga wagtlyk tussag edildi. Polýak resmileri Astananyň Ketebaýewi Gazagystana ekstradisiýa etmek baradaky talabyny ret etdiler.

Oppozisiýanyň aladasy

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Gazak gullugy gazak oppozisiýa aktiwistleriniň birnäçesiniň Almatynyň Maliýe polisiýasy tarapyndan çagyrylyp, olardan Ablýazow bilen bolmagy mümkin gatnaşyklary barada sorag edilendigini habar berdi.

Gazak oppozisiýa aktiwisti Žasarat Kuanyşalin Ablýazowyň tussag edilendigi baradaky habardan lapykeç bolandygyny aýtdy.

“Her çiçik bolsa-da, bu gowy zat däl. Ýewropanyň soňky wagtlar gazak oppozisiýasyna, hususan-da Ablýazowa [we onuň maşgalasyna] edýän zatlary gynançly. Bu [tussaglyk] Gazagystandaky oppozisiýany gowşadar.”

Gazak žurnalisti Sergeý Duwanow bolsa, eger Ablýazow Gazagystana ekstradisiýa edilse, bu gazak oppozisiýasy üçin betbagtlyk bolar diýdi.

“Eger ol ekstradisiýa edilse, bu gazak oppozisiýasyna uly zarba bolar. Sebäbi Ablýazow häzirki günlerde oppozision syýasy sahnada iň öňdebaryjy oýunçylaryň biri bolup durýar, ol Akorda (prezident köşgüne) iň radikal garşy durýan adam. Onsoň bu (onuň ekstradisiýa edilmegi) Gazagystanyň demokratik güýçlerine çynlakaý urgy bolar.”

Duwanow Fransiýanyň Ablýazowy Orsýete ýa Ukraina ekstradisiýa etjegine şübhelenýändigini, sebäbi bu ýurtlaryň öňki bankiri Gazagystana iberjege meňzeýändigini aýtdy. Şeýle-de Duwanow Ablýazowyň şindi Bratiniýada hem gaçybatalga durumy bar diýdi.

Emma muňa garamazdan, Ablýazowyň indi Britaniýada ýaşara ýeri ýok, sebäbi sud onuň 90 million çemesi amerikan dollary möçberindäki emlägini satyp, bu serişdäni BTA-nyň algydarlaryna bermeli etdi.
XS
SM
MD
LG