Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: “Baý bazar” ot aldy


Daşoguzyň halk arasynda “Baý bazar” diýlip atlandyrylýan bazarynda şu gün irden uly ýangyn ýüze çykdy. Wakanyň nähili bolandygy hakda, häzirlikçe, doly hem takyk maglumat ýok.

Ýerli çeşmeleriň tassyklamagyna görä, wakada bazara uly zeper ýetipdir. Ýöne adam ýitgisiniň bolup-bolmandygy hakda häzirlikçe takyk maglumat alyp bolmady.

Bazarda ýangyn ýüze çykansoň, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan onuň daş töwereginiň ýapylandygy, ýangyn söndürýän edaralaryň tagallalaryna garamazdan ýangynyň öýläne çenli dowam edendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telekanalynyň Watan habarlar programmasynda aýdylşyna görä, şol waka bilen bagly degişli ýolbaşçylaryň birine käýinç berilipdir.
XS
SM
MD
LG