Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ibragimbekow dalaş etmejegini aýtdy


Oskaryň ýeňijisi ssenarist Rustam Ibragimbekow, häzirlikçe Azerbaýjandan daşda durjakdygyny aýtdy. Ol oktýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda prezident Ylham Aliýewe garşy durmagy üçin, geçen aý Azerbaýjanyň oppozision koalisiýasy tarapyndan prezidentlige dalaşgär saýlanypdy.

74 ýaşly Ibragimbekow, özüniň Bakuwda tussag ediljekdigi baradaky haýbatlar sebäpli yzyna dolanmaýandygyny we saýlanyp bilýän dalaşgär bolmagy üçin Russiýa bilen bolan iki raýatlygyny tabşyrmak baradaky prosesiň uzak wagt dowam edýändigini aýtdy.

Ibragimbekow AFP habar agentligine beren maglumatynda, Azerbaýjanyň Demokratik güýçleriň milli geňeşi oppozisiýasynyň özüne häzirlikçe daşary ýurtda galmagy hem teklip edendigini aýtdy.

Ssenarist Ibragimbekow, Moskwadaky işlerini çözenden soň Azerbaýjana syýahat etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG