Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatda hüjümler amala aşyryldy


Yragyň paýtagty Bagdatda ençeme bomba hüjümi amala aşyryldy. Şol bombalaryň biri Bagdatdaky harby taýdan berkidilip, “Ýaşyl zona” diýip atlandyrylýan diplomatik kompleksde partladyldy.

Penşenbe güni Bagdadyň dürli regionlarynda azyndan üç ulagly we bir sany hem ýoluň gyrasyna düşelen bomba hüjümi amala aşyryldy.

Yragyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, partlamalarda azyndan 28 adam ölüp, 30-dan gowragy hem ýaralanypdyr. Ýöne resmiler ölenleriň sanynyň artmagynyň mümkindigini hem sözüne goşdular.

Partladylan bombalaryň ikisinde şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan ýerleri nyşana alnypdyr. Beýleki bomba bolsa hem şaýy, hem-de sünni musulmanlarynyň ýaşaýan ýerinde partladylypdyr.

Bu bomba partalamalary Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň söweşijileri agdarmaga dowam etjekdigine söz bermeginiň yzýany amala aşyryldy.

Şu ýylyň dowamynda Yrakdaky çaknyşyklarda 3 müňden gowrak adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG