Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

120 ýyldaky iň erbet sil


Orsýetiň Uzak gündogarynda, Hytaý bilen serhete golaýda sil suwlary zerarly 17 müň çemesi adamyň öz öýlerini terk edendigi aýdylýar.

Bu sil soňky 120 ýylda sebitde bolan iň erbet suw joşguny hasaplanýar.

Orsýetiň mediasy bu sil sebäpli 100 müň çemesi adamyň ýaşaýan ýerinden göçürilendigini aýdýar.

Şenbe güni döwlet telewideniýesinde görkezilen wideokonferensiýada ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar ministri Wladimir Puçkow prezident Wladimir Putine sil gelen ýerlerde 5300 jaýyň weýran bolandygyny aýtdy.

Resmiler şenbe güni Amur derýasynyň we beýleki ýerli derýalaryň suwunyň derejesiniň barha ýokary galýandygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG