Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkisýan Alyýew gowy diýýär


Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Azerbaýjanyň oktýabrda boljak prezident saýlawlarynda prezident Ylham Alyýewiň ýeňmegi Dagly-Garabag üstündäki konfliktiň öňyn çözgüdi üçin iň gowy mümkinçilik bolar diýdi.

Sarkisýan şenbe güni çap edilen beýanatynda «gepleşik prosesiniň aktiwdigini», Alyýewiň Azerbaýjandaky «ermeni-fobiýany» ýeňip geçmek üçin gowy mümkinçilikdigini aýtdy.

Dagly-Garabag Azerbaýjanyň ermenileriň agdyklygyndaky regiony bolup, 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri de fakto garaşsyz ýaşaýar.

Baku ozal gepleşikler netije bermedik ýagdaýynda bu sebiti güýç bilen yzyna almaga synanmagynyň ähtimaldygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG