Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Karya International" siz üçin dokument tabşyrýar


"Karya International" bilim kompaniýasynyň websahypasyndan bir bölek.
"Karya International" bilim kompaniýasynyň websahypasyndan bir bölek.
Türkiýäniň “Karýa International” kompaniýasy daşary ýurtlarda okamak isleýän ýaşlar üçin ýörite mümkinçilikleri hödürleýär. Ýagny, ýaşlar “Karýa International” kompaniýasyna ýüzlenip, haýsy ýurtda we haýsy uniwersitetde okamak isleýändigini aýdýarlar. “Karýa International” kompaniýasy bolsa geljekki talybyň ýerine uniwersitetlere dokument tabşyrýar.

Bu kompaniýanyň Türkiýede ýerleşýändigine garamazdan, hatda daşary ýurtlarda okamak isleýän türkmen ýaşlary-da, Türkmenistandan habarlaşyp, bu kompaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýärler.

Azatlyk Radiosy “Karýa International” kompaniýasynyň bilim koordinatory Asly Eren bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Asly Eren, ilki bilen “Kaa International” bilim programmaňyz barada has giňişräk gürrüň beräýseňiz?

Asly Eren: “Karýa International” bilim programmamyz takmynan 20 ýyl mundan ozal döredildi. Biziň programmamyz esasan hem daşary ýurtda okamak isleýän ýaşlara olaryň [göwün islän] mekdebini, kollejini ýa-da uniwersitetini tapmaga kömek edýär. Ýagny, daşary ýurtda okamak isleýänler biziň bilen habarlaşýar we bize nirede hem-de nähili okuwda, näme ugurdan okamak isleýändigini aýdýarlar.

Biz hem şol [geljekki] talybyň ýerine onuň isleýän okuwy bilen habarlaşýarys. Soňra [geljekki] talybyň isleýän ýokary okuw jaýyna onuň dokumentlerini tabşyrýarys we şeýlelikde onuň daşary ýurtda ýokary okuw jaýyna ýerleşmegi üçin kömek edýäris.
Ondan daşgary, daşary ýurt dillerini öwrenmek isleýänleri hem dünýäniň ençeme ýurtlaryndaky dil kurslaryna ugradýarys.

Şeýle-de magistratura, aspirantura okuwlaryny okamak hem-de staž edinmek isleýän ýaşlar üçin hem dürli hyzmatlary hödürleýäris.

Azatlyk Radiosy: Ýaşlaryň, esasan, dünýäniň haýsy ýurtlaryndaky okuwlara girmegi üçin öz hyzmatlaryňyzy hödürleýärsiňiz?

Asly Eren: Esasan, Angliýa, Amerika, Kanada, Awstraliýa we Malta ugradýarys. Agzap geçen bu ýurtlaryma gidýän ýaşlaryň okuwlary iňlis dilinde bolýar. Ondan başga-da nemes dilini öwrenmek isleýänleri Germaniýa, italýan dili üçin Italiýa, fransuz dili üçin Fransiýa gitmeklerine kömek edýäris.

Şeýle-de Uzak Gündogarda okamak isleýän ýaşlar üçin hem hödürleýän hyzmatlarymyz bar. Ol ýerde talyplar okuwyny iňlis dilinde dowam etdirip, onuň daşyndan şol ýurduň öz dilini hem öwrenip bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Asly Eren, meselem, Türkmenistandan bir geljekki talyp siziň hödürleýän hyzmatlaryňyzdan peýdalanmak islese, näme etmeli? Siziň bilen nähili habarlaşmaly?

Asly Eren: Türkmenistandaky ýaşlar ilki biziň bilen habarlaşmaly bolýarlar. Olar biziň bilen Türkmenistandan hem habarlaşyp bilerler. Ilkibaşdan olaryň Türkiýä gelmeginiň geregi ýok. Emma soňky tapgyrlarda olar Türkiýä gelmeli bolarlar. Ýagny, wiza almak üçin we dokumentleriň soňky tapgyrlaryny tabşyrmak prosesini Türkiýede dowam etdirmeli bolarlar.

Türkmenistanly ýaşlar biziň bilen ilki habarlaşanda, nirede, haýsy ýokary okuw jaýynda, haýsy ugurdan okamak isleýändigini aýtmaly. Şeýle-de nähili maliýe çykdajysy bilen okap biljekdigini hem bize aýtmaly. Biz ýokary okuw jaýy bilen habarlaşanymyzdan soň, talyp ilkibaşda ýokary okuw jaýynyň töleginiň diňe belli bir bölegini töleýär. Soňra talyp wizasyny alandan soň, okuwyň töleg puluny töleýär.

Daşary ýurda gitmezden ozal talybyň saglyk, syýahat ätiýaçlandyryşy, boýunça işleri, saýlan ýurduna barandan soň ýaşajak ýeri, ol ýere baranda başda ýüz tutmaly ýeri – bu zatlaryň ählisini biz öňünden çözýäris. Onsoňam biziň hödürleýän hyzmatlarymyz ýaşlary diňe daşary ýurda okamaga ugratmakdan ybarat däl, eýse talyp daşary ýurtda okuwyny tamamlap yzyna dolanýança, onuň problemalarynyň jogapkärçiligini biz öz üstümize alýarys.

Azatlyk Radiosy: Asly Eren, talyp daşary ýurda gitmezinden ozal synagdan geçmeli bolýarmy?

Asly Eren: Bu talybyň haýsy ýurda okamaga gidýändigine bagly. Meselem, Amerika, Kanada, Angliýa, Awstraliýa ýaly ýurtlar üçin synagdan geçmäge zerurlyk ýok. Diňe iňlis dili boýunça halkara derejesinde kesgitlenilen IELTS, TOEFL ýaly ekzamenlerden ýeterlik baly alyp bilseler bolýar. Eger bu ekzamenlerden ýeterlik baly alyp bilmeseler, onda talyby isleýän ýurdundaky taýýarlyk kurslaryna hem ugradyp bilýäris.

Ýöne Germaniýa, Polşa ýa-da dünýäniň beýleki ýurtlarynda bu ýagdaý üýtgeşik. Talyplar käbir ýurtlara okamaga gitmek üçin ekzamen tabşyrmaly bolýarlar. Emma, muňa garamazdan, Orsýetde ýa-da Ukrainada okamak isleýän talyplaryň ekzamen tabşyrmaklaryna zerurlyk ýok.

Azatlyk Radiosy: Asly Eren, siziň hyzmatlaryňyzdan peýdalanmak isleýän talyp, ortaça aýdanymyzda, näçe pul çykdajy etmeli bolýar?

Asly Eren: Bu her uniwersitete görä üýtgeýär. Bize töleýän puly hem talybyň saýlap alan ýokary okuw jaýyna görä üýtgeýär. Ýagny, bu baha, ortaça aýdanymyzda, 700 bilen 70 müň ýewro aralygyndadyr.

Azatlyk Radiosy: Asly Eren, mundan öň siziň hödürleýän bu hyzmatlaryňyzdan türkmenistanly talyplar hem peýdalandymy?

Asly Eren: Hawa, mundan ozal daşary ýurda okamaga ugradan talyplarymyzyň arasynda türkmenistanly talyplar hem bar.
XS
SM
MD
LG