Sepleriň elýeterliligi

Patma: 'Gyzy bermediler, öz janyna kast etdi'


Öz janyňa kast etmegiň nyşany
Öz janyna kast edýän ýaşlara dünýäniň islendik ýurdunda duş gelse bolýar. Emma Owganystanda Adam hukuklaryny goraýan garaşsyz guramanyň ýakynda ýaýradan beýanatynda aýdylşyna görä, ýurduň demirgazygyndaky Serpul we Jouzjan welaýatlarynda janyna kast edýän ýaş gyzlaryň sany göz görtele artypdyr.

Agzalýan welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň uly bölegi türkmenlerden ybaratdyr. Owganystanly türkmen ýaşlary, bu ýagdaýyň diňe gyzlaryň arasynda däl, eýsem oglanlaryň arasynda hem artandygyny aýdýarlar.

Eýsem, munuň sebäbi we onuň öňüni almagyň ýollary barada owganystanly türkmen ýaşlary näme pikirde? Patma Resuliniň, Beşir Hekiminiň we Hudaýberdi Ýalňyzyň gatnaşmagynda geçirilen söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG