Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oguzhan: 'Türkmenistanda bize gyýa garaldy'


Türkiýäniň Aşgabatda iş alyp barýan "Polimeks" kompaniýasynyň işgärleri
Türkiýäniň Aşgabatda iş alyp barýan "Polimeks" kompaniýasynyň işgärleri
Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlardan biri Türkiýedir. Bu, elbetde, ýöne ýerden däl, bu aragatnaşyk soňra "iki ýurt bir millet" şygary bilen has berkidildi. Bu hem özara aragatnaşygyň artmagyna itergi berdi.

Özara aragatnaşygyň çäginde onlarça, hatda ýüzlerçe türk şirketleri Türkmenistana bardy, bu şirketler bilen müňlerçe türkiýeli, Türkmenistanda işlemäge, şeýlelikde ata Watanymyz bolan Türkmenistanyň raýatlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik tapdylar. Olardan biri hem Oguzhan.

Oguzhan diňe Türkmenistanda ýaşamak bilen çäklenmän, türkmen gyzyna öýlenen türklerden biri, ol bu aragatnaşygyň bolmaly derejesine çykyp bilmändigini we onuň sebäplerini habarçymyz Döwlet Baýhana gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Oguzhan, Türkmenistanda näçe ýyl bolduňyz we nähili işler bilen meşgullandyňyz?

Oguzhan: Men Türkmenistanda arakesmesiz bäş ýyl boldum. Özüm kompýuterçi, ýagny kompýuter hünärmeni. Türk firmalarynda kompýuter hünärmeni bolup işledim. Häzir hem wagtal-wagtal Türkmenistana gidip gelýärin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda iş alyp barýan türk firmalarynyň ýerli halk bilen gatnaşyklary nähili? Bu ugurda sizi geň galdyrýan, ýagny aslynda şeýle zat bolmasa gowy diýen ýagdaýlara duş gelen wagtyňyz boldumy?

Oguzhan: Türkmenistanda meniň işlän firmamda türkmenlere we beýleki ýerli halka gowy çemeleşilenokdy. Türk işçilerine we ýerli halkdan bolan işçilere aýratyn aşhanalarda nahar berilýärdi. Munuň sebäbine men özüňi ýerli halkdan ýokarda tutmaklyk hökmünde baha berýärin. Ýagny, türk işçileri ýerli işçilerden has köp aýlyk alýandyklary sebäpli özlerini has ýokary orunda tutmaly diýen düşünje bar.

Azatlyk Radiosy: Oguzhan, türk işçileri bilen türkmenistanly işçileriň tapawutly aýlyk almagynyň sebäbi näme?

Oguzhan: Dogrusyny aýtsak, ýerli işçileriň aglabasy iş bilenok. Hut meniň ýanymda işleýänler hiç iş bilenokdy. Ýöne iş bilýän ýerli türkmenistanly işçileriň hem soň aýlyklary köpeldildi. Mundan daşgary Türkmenistanda alnyp barylýan bir syýasat bar. Türkmenistanda bir döwlet işgäriniň iň az aýlygy ýetmiş bäş dollar bilen ýüz dollaryň arasynda çäklendirilen.

Türkmenistanda iş alyp barýan türk firmalary hem şeýle kanun sebäpli köp aýlyk bermäge ýagdaýy bolmaýar. Muny çäklendirýän Türkmenistan döwleti. Eger Türkmenistan döwleti işçileriň alýan iň az aýlygynyň möçberini köpeltse, onda firmalar hem aýlyklary köpeltmäge mejbur bolarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda iş alyp barýan türk firmalarynda ýerli halkdan bolan işgärlere başgaça çemeleşilmegine ýerli halk nähili garaýar?

Oguzhan: Bu ýagdaý gönümel agzalalyk döredýär. Türkmenistanda daşary ýurtly hemişe nyşana astynda durandyr. Sebäbi onuň jübüsinde hemişe ep-esli dollar bardyr. Ogrular hem talaňçylar hem bu sebäpden ilki bilen türk işçilerine hüjüm edýärler.

Bu sebäpdenem Türkmenistanda iş alyp barýan türk firmalarynyň köpüsi işledýän Türk işçileriniň aýlygyny eline berenok. Olaryň aýlyklary Türkiýedäki banklara ýatyrylýar. Aslynda bu ýagdaý, meniňçe, dogry däl. Sebäbi Türkmenistanda gazanylan pul ol ýerde sowulmaly. Köp adamlar Türkiýedäki taýýar işini taşlap, daşary ýurda gidýär.

Daşary ýurtda işlän mahaly hem aýlygyny türk lirasy ýa-da manat görnüşinde däl-de, amerikan dollary görnüşinde almaly bolýar. Türkmenistanda işleýän türk işçileriniň aýlyklary müň iki ýüz, müň üç ýüz, müň bäş ýüz we hatda iki müň dollar möçberinde bolýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Türkiýäniň ýolbaşçylary iki ýurduň halklarynyň dogandygyny aýdýarlar. Muňa garamazdan, aýdyşyňyz ýaly, iki ýurduň gatnaşygynda wiza düzgüni ýaly dürli problemalar bar. Şeýle ýagdaýyň öňüni almaklyk üçin näme edilmeli?

Oguzhan: Hemme zatdan owal iki ýurduň ýolbaşçylary türk hem türkmen halkynyň, dogrydanam, dogandygyny beýan edýän bir jarnama gol çekmeli. Bilnişi ýaly, Türkiýeden wiza talap etmeýän ýurtlar bar we ol ýurtlar bilen Türkiýäniň hiç hili dogan-garyndaşlyk bagy ýa-da dostlugy ýok.

Türkiýeden wiza talap etmeýän ýurtlaryň arasynda dogan ýurt Türkmenistan hökmany suratda bolmaly. Meselem, Türkiýeden wiza islemeýän ýurtlaryň arasynda Gazagystan we Gyrgyzystan hem bar. Bulara Türkmenistan hem goşulmaly we aramyzdaky dostluk pugtalanmaly.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alanyna ýigrimi ýyldan köp wagt boldy. Ýöne, muňa garamazdan, dogan we dost diýilýän Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda wiza päsgelçiligi bar we dowam edýär. Oguzhan, size görä, munuň nähili sebäbi bolup biler?

Oguzhan: Türkmenistan iň azyndan Türkiýe üçin wiza şertlerini ýeňilleşdirmeli. Türkiýeden islän adam arkaýyn Türkmenistana gidip, bir aý ol ýerde galyp bilmeli. Türkmenistan türklerden iş wizasyny talap etsin, sebäbi ol düýpgöter başga tema.

Türkmenistana turist bolup gitmäge Türkiýeden höwes bildirýän gaty köp adam bar. Awazada bir topar turizm desgasy guruldy. Men Türkiýeden Awaza turist bolup gezmäge hem dynç alşa gitjek bolsam, üç-dört aý wiza garaşmaga mejbur edilýärin.

Başga bir ýere dynç almaga gitmek islän mahalym bolsa, arkaýyn wizasyz gidip bilýärin. Wiza bökdençligi sebäpli Türkmenistana gitmek islenenok. Wiza bökdençligi bilen Türkmenistan gaty nädogry tanadylýar. Häzir Türkmenistanda henizem gije sagat on birden soň köçä çykmaklyk gadagandyr öýdýän adamlar bar.

Wagtynda türkiýelileriň howpsuzlygy üçin gije sagat on birden soň köçä çykylmasyn diýlipdir. Ýöne aslynda şeýle gadaganlyk ýok. Meselem, Türkmenistanda şeýle geň ýagdaýlar hem bolýar. Telewizorda Türkmenistanyň baştutany Türkmenbaşy bir gün çykyş etdi.

Türkmen gyz-gelinleriniň öz milli eginbaşlaryny geýen mahaly has owadan görünýändigini, köçede gysga etekli gyzlary gören mahaly gaty gynanýandygyny aýtdy. Şol günüň ertiri köçede gezip ýören türkmen gelin-gyzlaryny türkmen eginbaşyny geýeňok diýip, polisiýa ýygnap başlady. Ynha, Türkmenistandaky hakyky ýagdaý.

Türkmenistanda bir kada-kanun ýok. Men Türkmenistana turist hökmünde giden mahalym ýurtda maňa göz öňünde tutmaly kada-kanunlarym barada dilden ýa-da ýazmaça maglumat berlenok. Resmileriň özlerem bilenok şol kada-kanunlary.

Azatlyk Radiosy: Oguzhan, siz Türkmenistandan öýlenen bir türkiýeli türkmen. Türkmenistanyň halky türkmen bilen öýlenen türklere nähili garaýar?

Oguzhan: Türkmenistanda resmiler: bir türkmen gyzy nädip bir türke durmuşa çykyp biler? Türkmen gyzy türke durmuşa çykmaly däl diýen düşünje bilen, daşary ýurtla durmuşa çykanlara erbet göz bilen garaýarlar. Häkimiýetler hem ýagdaýy kynlaşdyrýardylar, owallar türkmen bilen öýlenjeklerden elli müň dollar nagt pul talap edilýärdi. Häzir şeýle pul talap edilenok.

Türkmenistanda häzir halkyň bu temada düşünjesi öňküler ýaly däl, indi ösmäge başlady. Internetiň döredýän mümkinçilikleri, aragatnaşygyň ýaýbaňlanmagy, iki ýurduň arasyndaky gatnawyň artmagy ýaly ýagdaýlar Türkmenistanda halkyň türke durmuşa çykýan gelin-gyzlara bolan garaýşyny hem özgertdi.

Gatnap ýörenler arkaly Türkmenistan halky indi türkiýelileriň özlerinden tapawutly adamlar däldigini gowy bilýär. Galyberse-de, şu wagt Türkiýede bikanun ýagdaýda işläp ýören ýüz müňlerçe türkmenistanly bar. Elbetde, bularyň hem özara gatnaşyklarda gaty uly roly bolýar.

Azatlyk Radiosy: Oguzhan, Türkmenistan we Türkiýe halklarynyň biri-birini dogry tanamagy we gatnaşyklaryny kämilleşdirmegi üçin näme edilmeli?

Oguzhan: Bu ugurda edilmeli işler aslynda golaýda edilmäge başlandy. Türkmenistanlylar gelip, Türkiýede şäher häkimlikleri we beýleki guramalar bilen bilelikde işleşip başladylar. Turuwbaşdan edilmeli iş dilimizdäki meňzeş sözleriň jemlenmegi we dil meselesiniň çözülmegi.

Türkçedäki başga dillerden alnan sözleriň deregine türkmençeden ene dilimize gabat gelýän gerekli sözler alynmaly. Bu ugurda türkmen dilçileri bilen bilelikde tagallalar edilmeli. Meselem, biziň ata-babalarymyz, ýagny taryhymyz bir. Şonuň üçinem bu temada bilelikde bir kino surata düşürilip bilner.

Biziň bir beýik atamyz bar ady Oguzhan. Onuň dessany bar. Emma atamyz Oguzhan hakynda bir kino şu wagta çenli surata düşürildimi? Meselem, Magtymguly hakynda talabalaýyk näme edilýär?

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň pulunda, seýilgählerinde we hatda daşary ýurtly myhmanlaryň kabul edilýän köşgünde Oguzhan bar. Bular ýeterlik dälmi size görä?

Oguzhan:
Hawa, olardan habarym bar. Ýöne olaryň hemmesi diňe bir şekilden ybarat, ýagny mesele düýpli ele alynmandyr. Onsoňam Türkiýe bilen bilelikde bu temalarda edilen bir iş ýok. Türkiýe diňe Osman döwletinden ybarat däl. Ondan owal Seljuk döwleti bardy. Seljuk döwleti Türkmenistanda gurlan bir döwlet. Soltan Sanjar Türkiýe döwletiniň gözbaş alýan taryhy şahsyýetidir.

Seljuk döwletinden soň Osman döwleti we onuň tebigy dowamy hökmünde-de Türkiýe gurlandyr. Hemmesiniň aňyrsy türkmendir. Soltan Sanjaryň mawzoleýi, ýagny gubury Türkmenistanda, gadymy Merwdedir. Türkiýelileriň Türkmenistana ata Watan diýmeginiň sebäbi, ynha, şeýledir. Türkiýelileriň aňyrsy, olaryň gelen ýeri Türkmenistandyr.
XS
SM
MD
LG