Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iň köp gazanýan modeller


"Forbes" žurnalynyň baş sahypasyndan bir bölek
"Forbes" žurnalynyň baş sahypasyndan bir bölek
Dünýä belli “Forbes” žurnaly ýakynda “Dünýäniň iň köp gazanýan modelleri” atly sanawyny çap etdi. Bu sanaw 2012-nji ýylyň iýun aýyndan 2013-nji ýylyň iýun aýyna çenli bolan dowry öz içine alýar we onda dünýäniň iň köp gazanç eden dünýäniň jemi 10 modeliniň ady getirilýär.

“Forbes” žurnalynyň bu sanawynda iň öňde, eýýäm ýedi ýyldan bäri bu ugurdan birinjiligi hiç kime elinden aldyrman gelýän, dünýä belli meşhur model Žizel Býündhen ýerleşdirilipdir.

Agzalýan žurnalda bellenmegine görä, 33 ýaşly braziliýaly modeliň bir ýylda gazanan puly jemi 42 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

Žizel Býündhen girdejisiniň belli bir bölegini brazil aýakgap kompaniýasy “Grenden” bilen hyzmatdaşlygyndan gazanýar. Mundan daşgary-da Býündheniň Pantene Oral B we Sky HDTV ýaly halkara kompaniýalary bilen gol goýan köp ýyllyk ylalaşyklary gowy girdeji berýär. Galyberse-de, “Forbes” žurnaly Žizel Býundheniň tebigata zyýansyz kosmetika öndürýän öz hususy kompaniýasy ”Sejaa” arkaly hem millionlarça dollar gazanç edýändigini belleýär.

Bu sanawda ikinji orny soňky bir ýylda 7,2 million amerikan dollar gazanan awstraliýaly model Miranda Kerr eýeleýär. Kerr 4 million amerikan dollarlyk girdejisi bilen geçen ýyl bu sanawda ýedinji orunda ýerleşdirilipdi. Ol soňky wagtda Quantas, David Jones we Mango ýaly dünýä meşhur kompaniýalar bilen ylalaşyklara gol goýup, öz iş kontraktynyň göwrümini has-da giňeltdi.

“Forbes” žurnalynyň websahypasynda berilýän maglumata görä, edil Býündhen ýaly Kerriň hem halkara ”Lipton çaý” we P&G ýaly kompaniýalary bilen gol goýan ylalaşyklaryndan gazanan girdejisi, onuň bu sanawda öňdäki orunlary eýelemegine sebäp bolupdyr.

Dünýä meşhur model Adriana Limanyň geçen ýylky 7,3 million amerikan dollarlyk gazanjy, bu ýyl 1,3 million dollar pese gaçyp, 6 million amerikan dollaryna barabar boldy. Ýöne ol şonda-da, “Forbes” žurnalynyň “Dünýäniň iň köp gazanç edýän modelleri” atly sanawynda üçünji orny eýeleýär.

Dünýä belli model Kate Mossyň kitabyndan bir bölek
Dünýä belli model Kate Mossyň kitabyndan bir bölek
Bu sanawyň dördünji ornunda model Kate Moss ýerleşip, onuň 2012-nji ýylyň iýunyndan şu ýylyň iýunyna çenli eden ýyllyk gazanjy 5,7 million amerikan dollaryna barabardyr. Onuň söbügini basybam, 4,3 million amerikan dollarlyk gazanjy bilen hytaýly model Liu Wen gelýär.

Agzalýan bu sanawda 4 million amerikan dollarlyk girdejisi bilen model Hilary Rhoda altynjy orunda ýerleşdirilipdir. 26 ýaşly meşhur model, eýýäm ýedi ýyl bäri Estee Lauder kompaniýasy bilen işleşýär.

“Forbes” žurnalynyň “Dünýäniň iň köp gazanç edýän modelleri” atly sanawynyň ýedinji ornunda bolsa, 3,6 million amerikan dollarlyk girdejisi bilen Karolin Mörfi ýerleşdirilipdir. Sanawdaky sekizinji orunda 3,5 million amerikan dollarlyk girdejisi bilen Joan Smols, dokuzynjy orunda 3,3 million amerikan dollarlyk girdejisi bilen Kendis Sweýnpol, onunjy ýerde-de 3,2 million amerikan dollarlyk girdejisi bilen Lara Ston ýerleşdirilipdir.

“Forbes” – amerikan biznes žurnalydyr. Onuň baş ştaby Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär. “Forbes” žurnaly dünýäniň ençeme ýurdunda, aýry-aýry dillerde hepdede bir sapar neşir edilýär. Bu žurnal esasan hem özüniň her ýyl çap edýän dünýä belli sanawlary bilen meşhurdyr. Olaryň arasynda “Dünýäniň iň baý adamlary”, “Golliwudyň iň köp gazanýan aktrisalary” ýaly sanawlar bar.
XS
SM
MD
LG