Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Inspektorlar Siriýadan gaýdýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon Siriýada himiki hüjümler bilen bagly mesele boýunça derňew geçirýän inspektorlaryň ýurdy terk edensoň hasabat berjekdiklerini aýtdy.

Ban Ki-Moonyň penşenbe güni aýtmagyna görä, inspektorlar Siriýany şenbe güni terk ederler.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Waşingtonyň geçen hepdede Siriýada bolan hüjümleri Siriýanyň hökümediniň amala aşyrandygy barada netijä gelendigini, emma bu ýurda garşy harby çareler barada entek karar çykarmandygyny aýtdy.

Penşenbe güni ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel Siriýa garşy görüljek islendik çäreleriň “halkara hyzmatdaşlygynda” amala aşyryljakdygyny belledi.

Orsýet we Hytaý Siriýa babatynda harby çärelere garşy çykyş edýärler we BMG-niň inspektorlarynyň geçiren derňewleriniň netijeleri mälim edilmänkä karar çykarmakda saklanmaga çagyrýarlar.
XS
SM
MD
LG