Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nafisa: 'Arzuwym Moda öýüni açmakdyr"


Nafisa Imranowa (merkezde) we modeller
Nafisa Imranowa (merkezde) we modeller
Täjigistanly moda dizaýneri Nafisa Imranowa heniz 22 ýaşynda we ol ýokary okuw jaýynyň 5-nji kursunda okaýar. Emma, muňa garamazdan, geçen anna güni, ýagny 23-nji awgustda ol eýýäm öz ikinji şahsy moda sergisini köpçülige görkezdi.

Nafisa gyzlaryň egin-eşikleri bilen bir hatarda ýigitleriňkini hem taýýarlaýar. Ol taýýarlaýan egin-eşiklerini diňe Täjigistanda däl, eýsem Amerikada we Kandada-da satýar.

Azatlyk Radiosy Nafisa bilen, onuň işde gazanan üstünlikleri we soňky geçiren moda sergisi barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Nafisa, başda özüňiz barada biraz gürrüň beräýseňiz?

Nafisa Imranowa:
Men 2008-nji ýylda Pamirde orta mekdebi tamamladym. Mekdepden soň men Täjigistanyň Tehnologiýa uniwersitetine girdim we häzir bäşinji kursda okaýaryn. Men häzire çenli ikinji moda sergimi geçirdim. Men birinji sergimi 2012-nji ýylda geçiripdim. Meniň soňky, ýagny ikinji moda sergim, 23-nji awgustda Täjigistanyň paýtagty Duşanbedäki Serena myhmanhanasynda geçirildi.

Nafisa Imranowanyň moda sergisinden bir bölek
Nafisa Imranowanyň moda sergisinden bir bölek
Azatlyk Radiosy: Siz soňky moda sergiňizde jemi näçe köýnegi köpçülige hödürlediňiz?

Nafisa Imranowa:
Meniň soňky sergimde modeller meniň jemi 24 köýnegimi köpçülige tanatdylar. Ol jemi üç kolleksiýadan ybaratdy. Ýagny, her kolleksiýa boýunça sekiz köýnegi köpçülige hödürledim.

Azatlyk Radiosy: Siz dizaýn işi bilen näçe wagtdan bäri meşgullanýarsyňyz?

Nafisa Imranowa:
Men professional derejede munuň bilen iki ýyl bäri meşgullanýaryn. Tiz wagtda men okuwymy tamamlaryn we diplomly dizaýner bolaryn.

Azatlyk Radiosy: Siz bu işe nädip başladyňyz? Sizde muňa gyzyklanma nädip döredi?

Nafisa Imranowa:
Men Tehnologiýa uniwersitetine okuwa giren ýylymdan başlap, eskizleri çekip başladym. Men çeperçilik, suratçylyk kurslaryna gatnap ugradym. Men okuwa başlanymda, bar prosesler bilen ýakyndan tanşyp ugrapdym. Gören zatlarym mende häzirki işim we döredijilik bilen meşgullanmaga has uly isleg döretdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň taýýarlaýan geýimleriňiz nähili stillere, haýsy ugurlara degişli?

Nafisa Imranowa
Nafisa Imranowa
Nafisa Imranowa: Men dürli stilleri ulanýaryn. Men belli bir stile ýykgyn etmeýärin. Men klassika, toý geýimleri, rok-n-roll stillerinde-de egin-eşik taýýarlaýaryn. Şeýle-de mende hem erkekler, hem-de aýallar üçin geýimler bar. Men her sapar başga-başga stilleri ulanýaryn, her sapar täze bir zatlary gözleýärin. Men şol bir zatda saklanyp bilmeýärin, meniň stillerim, şekillerim üýtgäp durýar.

Azatlyk Radiosy: Moda sergileriňizi guramak we geçirmek üçin sizde sponsorlar bolupmydy ýa-da siz diňe öz maddy güýjüňize daýandyňyzmy?

Nafisa Imranowa:
Men köpçülige görkezýän geýimlerimi diňe öz hasabyma taýýarlaýaryn. Täjigistanda maliýe taýdan ýardam beriji sponsory tapmak gaty kyn. Men öz moda sergilerimi ene-atamyň ýardamy bilen, şeýle-de bir ýyllap zähmet çekip toplan pulumyň hasabyna geçirdim. Şu ýyl bolsa men iki sany sponsor tapdym. Olar belli bir möçberde pul berdiler. Esasy çykdajylar bolsa meniň öz hasabyma bolýar.

Azatlyk Radiosy: Siz taýýarlaýan geýimleriňizi diňe Täjigistanda satýarsyňyzmy ýa-da başga ýurtlarda-da müşderileriňiz barmy?

Nafisa Imranowa:
Amerikada ýaşaýan müşderilerim bar. Men olaryň sargyt edýän geýimlerini şol ýere iberýärin. Tajigistanda-da müşderilerim bar. Kanada hem iberýärin. Şol ýere iberilýän geýimlere Gündogaryň nagyşlaryny goşýaryn.

Nafisa Imranowanyň moda sergisinden bir bölek
Nafisa Imranowanyň moda sergisinden bir bölek
Azatlyk Radiosy: Siz egin-eşikleri ýeke özüňiz taýýarlaýarsyňyzmy ýa-da kömekleşýän kärdeşleriňiz barmy?

Nafisa Imranowa:
Men häzir ýeke özüm işleýärin. Ýanyma adam almak üçin mende mümkinçilik ýok. Men bar işi özüm edýärin. Soňabaka men moda öýüni döretmegi arzuw edýärin. [Şonda] men eskizleri, nusgalary dörederdim, başgalar bolsa geýimleri tikip bererdi. Häzirlikçe egin-eşikleriň suratyny çekýänem men, tikýänem men. Matalary hem meniň özüm saýlaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Nafisa, siziň taýýarlaýan köýnekleriňiziň bahalary näçe?

Nafisa Imranowa:
Köýneklerimiň bahasy 100 dollardan geçmeýär. Matalaryny maňa dostlarym Özbegistanyň Daşkent, Hojant şäherlerinden ýa-da Türkiýeden getirýärler. Tajigistandan hem mata satyn alýaryn, emma bu ýerde gerek matany tapmak kyn boýar.
XS
SM
MD
LG