Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir tonna neşe tutuldy


Türkmen serhetçileri bir tonna neşäniň ýurda getirilmeginiň öňüni aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 31-nji awgustda geçirilen mejlisinde Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew ýurduň serhet goraýjylaranyň uly mukdarda neşe maddalaryny ele salandyklaryny habar berdi.

Prezident G.Berdimuhamedow ýurda geçiriljek bolnan bir tonna gowrak neşe maddasynyň öňüni alan serhetçileri gutlap, olary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglamak baradaky karara gol çekdi.

Şeýle-de serhetçilere prezidentiň adyndan goşar sagady gowşurylar.
XS
SM
MD
LG