Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“HRW” Azerbaýjany tankyt etdi


Azerbaýjanyň oppozisiýasy ýurtda taýýarlyk görülýän saýlawlara protest bildirýär, Baku, 2013-nji ýylyň 18-nji awgusty.
Azerbaýjanyň oppozisiýasy ýurtda taýýarlyk görülýän saýlawlara protest bildirýär, Baku, 2013-nji ýylyň 18-nji awgusty.
Düýbi ABŞ-da ýerleşýän Human Rights Watch guramasy Azerbaýjanyň hökümetiniň 9-njy oktýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda “başga pikirliligi” çäklendirmek boýunça ýörite strategiýany alyp barýandygyny aýdýar.

Human Rights Watch duşenbe güni ýaýradan hasabatynda Azerbaýjanyň häkimiýetlerini ýurtda “oppozisiýanyň syýasy aktiwligini gowşatmak, hökümetiň köpçüligiň öňünde tankyt edilmegini çäklendirmek, hökümete degişli bolmadyk guramalara gözegçiligi güýçlendirmek boýunça iş alyp barmakda aýyplady.

Syýasy basyşlar

HRW guramasynyň Günorta Kawkaz boýunça baş bilermeni Giorgi Gogia Azerbaýjandaky çäklendirmeleriň düýpli häsiýete eýe bolup, bu basyşlaryň kanunlaryň üstündäki işleri we ýurtda raýat jemgyýetçiliginiň işini düýpden üýtgedýän hereketleri öz içine alýandygyny aýtdy.

Human Rights Watch guramasynyň hasabatynda aýdylyşyna görä, häkimiýetler saýlawlara taýýarlyk görýän döwründe söz, bileleşmek we ýygnanyşmak ýaly raýat azatlyklaryna basyşlaryny güýçlendirýärler, şol bir wagtda-da Azerbaýjanyň häkimiýet başyndaky häzirki prezidenti Ylham Aliýewiň şu ýylky saýlawlarda ýene ýeňiş gazanjakdygy baradaky çaklamalar güýçlenýär.

Human Rights Watch guramasy öz hasabatynda Azerbaýjanyň häkimiýetleriniň syýasy aktiwistleriň onlarçasyny “galp aýyplamalar” esasynda tussag edendiklerini, tankyt edýän žurnalistleri türmä salandygyny we parahatçylykly demonstrasiýalary dargadandygyny ýazýar.

HRW guramasynyň Günorta Kawkaz boýunça baş bilermeni Giorgi Gogia Azerbaýjanda tutha-tutluklar bilen bagly bolan käbir wakalar barada gürrüň berdi.

Ýaşlaryň tussag edilmegi

Giorgi Gogianyň sözlerine görä, NIDA atly ýaşlar oppozision hereketiniň ýedi agzasy galp aýyplamalaryň esasynda gözenegiň aýyrsyna atylypdyr. Gogia 18 we 28 ýaş aralygyndaky bu ýaş aktiwistleriň türmä höküm edilmeginiň uly aladalanma döredýändigini belledi. Ol Human Rights Watch guramasynyň Azerbaýjanda ýaşlara garşy gozgalan işleri galp aýyplamalar diýip atlandyrmak üçin subutnamalaryň bardygyny belledi.

Human Rights Watch guramasynyň Günorta Kawkaz boýunça baş bilermeni Giorgi Gogia halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, Azerbaýjanyň hökümetine basyş etmäge we bu ýurda adam hukuklaryna hormat goýmak boýunça öz halkara borçlaryny ýatlatmaga çagyrdy.

“Ýewropa Bileleşiginiň partnýory, Ýewropa Geňeşine agza döwlet we BMG-niň agzasy bolan Azerbaýjany adam hukuklaryny goramaga ündemeli. Oňa hökümetiň tankytçylaryny, şübheli aýyplamalaryň esasynda tussag edilen žurnalistleri, adam hukuklaryny goraýjylary, aklawçylary we hökümeti tankyt eden islendik adamlary azatlyga goýbermegi ündemeli” diýip, Giorgi Gogia aýtdy.
XS
SM
MD
LG