Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baradar azat ediler


Pakistanyň hökümeti Owganystanda 12 ýyla golaý wagt bäri dowam eden urşuň soňuna ýetmäge kömek etmek üçin "Talyban" hereketiniň öňki ýokary derejeli komandiri Mullah Abdul Gani Baradary tussaglykdan boşatjakdygyny habar berdi. Bu habary owgan hökümeti gowy garşylady.

Owganystanyň daşary işler ministrligi Baradaryň tussaglykdan boşadylmagy owgan parahatçylyk prossesiniň öňe gitmegine kömek eder diýýär.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň sözçüsi bolsa, Baradaryň tussaglykdan ýakyn wagtda boşadylmagyny umyt edýändigini aýtdy.

Owgan hökümetiniň parahatçylyk gepleşiklerini alyp barýan resmileri, mundan ozal Baradaryň tussaglykdan boşadylmagy üçin Pakistanyň hökümetine ençeme sapar çagyryş edipdi.

Baradar “Talyban” hereketiniň Pakistanda tussag edilen iň ýokary derejeli wekili bolup, şeýle-de ol söweşiji hereketini döredenleriň biridir.

Sişenbe güni Pakistanyň ýokary derejeli resmisi Baradary tussaglykdan boşatmak barada karara gelindi, ýöne onuň haçan goýberiljekdigi kesgitlenilmedi diýdi.

Şeýle-de, ol Baradaryň Pakistanda tussaglykdan boşadyljakdygyny, emma onuň owgan hökümetine gowşurylmajakdygyny sözüne goşdy. Owganystan Baradaryň Kabula berilmegini tama edýärdi.
XS
SM
MD
LG